MAKALA

Ylym – dünýäniň nepisligi

Ylym durmuş syrlarynyň gapysyny açmagyň açarydyr. Şonuň üçin ata-babalarymyz ylymly, bilimli, sowatly ynsanlara hormat goýupdyr, sarpalapdyrlar, olaryň nesihatlaryna eýeripdirler. Halkymyzyň taryhynda ylmyň geçen ýoly, onuň aýratynlyklary ýokary göterilip, sungat derejesinde arzylanypdyr. Pederlerimiziň şol sungat derejesine göteren ylymlarynyň biri-de, ata Watanyň asudalygyny, parahatlygyny, agzybirligini üpjün etmek maksady bilen durmuşa ornaşdyrylan harby sungatydyr. Mnuň şeýledigini hormatly Belent Serkerdebaşymyz: «Türkmenler ähli döwürlerde ýurt goraýan gerçekleriň harby hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga örän gowy ähmiýet beripdirler» diýen dürdäne jümlesinde belleýär.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň durmuşa geçirýän harby özgertmeleriniň barşynda ýurt goragymyzyň mümkinçilikleri ýokarlandyrylýar. Milli Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýady bilen bir hatarda, harby gullukçylaryň hünär taýýarlyklary döwrüň ösen talaplaryna laýyk derejede alnyp barylýar.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Karary bilen 2011-nji ýylda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň mukaddes serhediniň asudalygyny üpjün edýän Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň serhetçi serkerdelerini taýýarlaýan Türkmenistanyň Serhet instituty döredildi. 2014-nji ýylda bolsa hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ak pata bermeginde onuň täze binalar toplumy açylyp, ulanmaga berildi. Howaly Köpetdagyň eteginde lowurdap duran institutyň ylymly dünýäsiniň şowhuny bu günki gün barha dabaralanýar.

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen öz mynasyp beýanyny tapýan ylym-bilim ulgamy çäksiz ösüşlere eýe boldy. Şol ösüşlere Serhet instituty hem özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Häzirki wagtda institutyň okuw bölüminiň alyp barýan maksatnamalaýyn işleri oňyn netijelerini berip, hünär taýýarlygy kämil serkerdeleri kemala getirýär. Bu bolsa institutyň ýokary mümkinçilikleriniň bardygyny ýene bir ýola subut edýär. Bu institut her ýylda ýüzlerçe serhetçi serkerdeleri taýýarlaýar. Olar gönüden-göni ylmyň täze gazananlary bilen aýakdaş gidip, ata Watanymyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ylym-bilim özgertmeleriniň çäklerinde durmuşa ornaşdyrylan her bir gadamy serhetçi talyplaryň ykbalynda hem aýratyn orun tapýar. Muny «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda kabul edilen «Türkmenistanda Sanly bilim ulgamynyň Konsepsiýasy» doly tassyklaýar. 

Häzirki wagtda Serhet institutynyň kitaphanasynda 8 müňden gowrak dürli ugurlara degişli kitap gorlary bar. Şeýle-de olaryň 1 müň 300-den gowragy elektron görnüşindedir. Bu elektron kitaplardan peýdalanmak üçin hökmany kitaphana barmak zerurlygy ýüze çykmaýar. Oňa elektron poçta we tor arkaly birikmek mümkinçiligi bar. Hat-da harby talyplara synaglary hem elektron görnüşinde tabşyrmaga şertler bolup, häzirki wagtda giňden peýdalanylýar. Elektron görnüşli maglumatlary gözlemek, dürli kitaplardan peýdalanmak, sorag-jogap alyşmak, barlaglary tabşyrmak, şeýle-de harby talyplary bahalandyrmak ýaly mümkinçilikler okuw ulgamynyň üstünliklere eýe bolmagyna iterýär.

Geljekki serhetçi serkerdeleri taýýarlaýan Serhet institutynda talyplara 50-den gowrak dersler boýunça sapaklar geçilip, geljekde olaryň saýlap alan ugurlary boýunça ökde hünärmen bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalar edilýär. Şol tagallalaryň çäklerinde harby talyplar öz sowatlaryny ýüze çykarmaga, mowzuklary täzeden gaýtalamaga, içgin özleşdirmäge mümkinçiligi bolup, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýärler. Şol öwredilýän dersleriň arasynda rus, iňlis we pars dilleriniň bolmagy, serhetçileriň daşary ýurt dillerini ele almaklaryna ýardam edýär. Institutyň harby talyplary ýurdumyzda geçirilýän ylmy bäsleşiklere, halkara olimpiadalara gatnaşýarlar. Olarda baýrakly orunlara mynasyp bolup, gullugymyzyň abraýyny has-da dabaralandyrýarlar. Bu gazanylýan üstünlikleriň aňyrsynda ýurt Baştutanymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleri bar. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Goý, ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmekde köp işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Selbi Aşirowa.

  • 68
  • 26.06.2019