MAKALA

Serhediň hoşroý gülleri

— Deňleşiň! Göneliň! Sa-ga, çepe, erkin!

Bu zenanlar «yhhymmyl» oýnanlarynda, läle kakanlarynda şeýdip taýýarlyk görýärler diýsem, degişýändir öýdersiňiz. Emma bu döredijilik toparynyň adyny aýtsam welin, «Düşnükli» diýip ýylgyraýarsyňyz. «Serhetçi gözeller» — Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň serhet birikmesiniň öý bikelerinden ybarat folklor topary.

Hawa, olar serhetçi gelinler däl, serhetçileriň gelinleri. Ilkibada harby buýruklara düşüş bolup giden bu zenanlaryň köpüsiniň öý hojalykçydygyna ynanmadym. Milli lybaslaryna mahsus hereketleri, ýerine ýetirýän çykyşlary «Tüweleme, bu ot ýaly gelinler haýsy medeniýet öýündenkä» diýdirýär. Olaryň folklor çykyşlarynda bäş welaýatyň milli äheňlerini duýmak bolýar. Sebäbi zenanlaryň hersi bir welaýatyň gyzy, häzir ýoldaşlarynyň gulluk ýagdaýy sebäpli ýurdumyzyň serhetýaka etrabynda öý tutup, özlerem serhetçä öwrülip giden uýalarymyz. Olar bilen didarlaşmak hem armalaryny ýetirmek üçin, «Niredesiňiz, «Serhetçi gözeller» diýip, iş saparyna rowana bolduk. Pendi ýaýlasy bizi owadan gülleri, hoştap howasy bilen garşylady. Serhet birikmesinde esgerleriň durmuşy, olar üçin döredilen mümkinçilikler bilen tanyşanymyzdan soňra, zenanlar geňeşiniň başlygy Orazsoltan Gulowanyň iş otagyna bardyk. Ol ýerde ak ýektaýly şepagat uýasy hem otyrdy. Zenanlar bizi gadyrly garşyladylar.

— Gelip ýagşy edipsiňiz, jigim. Biziň folklor toparymyz diňe bir serhet birikmämizde däl, eýsem, etrabymyzda hem yzygiderli çykyş edip durýar. Ýakynda etrabyň bilim işgärleri bilen geçirilen bäsleşikde biziň zenanlarymyz birinji orna mynasyp boldy. Ynha, ertir gül-gülälekli meýdanda baýramçylyk dabarasyny gurnamakçy. Siz tüýs toýuň üstüne geldiňiz. Şu wagt şepagat uýamyz Ogulnur bilen şonuň gürrüňini edip otyrdyk. Ol hem folklor toparymyzyň işjeň agzasy. Ertir gyrmyzy ketenisini şowurdadyp geler welin, Ogulnury tanamarsyňyzam — diýip, Orazsoltan Gulowa ýylgyrdy.

Ertesi gün biz «Gyzyl gül» diýlip atlandyrylan meýdança gitdik. Durky bilen gyzyl gülälege beslenen Pendi ýaýlasyndaky meýdança ala-böle «Gyzyl gül» diýmekleriniň sebäbi, asyl, baýra çykyp seretseň, edil gyzyl gülden haly düşelen ýaly, aýyl-saýyl bolup duran eken. Gülälekler mymyjak ýele ygşyldap, çapak çalýan tomaşaçylary ýadyňa salýardy. Asmandan Güneşem gelin-gyzlaryň çykyş etjek «sahnasyny» çogly nury bilen yşyklandyryp, bize surata almak üçin owadan pursatlary döretdi. Zenanlar çykyşlaryna başlandan soň bolsa, «Bu owadan ýaýlanyň bir kemi, asyl, läledir-yhhymmylyň, gopuzyň owazy eken» diýdirdi.

Aglaba bölegi ýaş gelin-gyzlar bolan folklor toparynda mähriban enelerem, edil gelnejedir baldyzy ýatladyp duran zenanlaram bar. Aýratyn belläsim gelýän zat bolsa, bu zenanlaryň gözlerinde uçganaklap duran bagty görmezlik, asla mümkin däl. Eýse, bu zenanlar öý hojalyk işleriniň daşyndan folklor toparyny döredip, märekäniň öňünde gyzyl-köz ýaly bolup çykyş edip bilerlermi?! Özem, bir etrapdan şeýle folklor toparynyň çykmagy adaty ýagdaý bolsa-da, bölümiň serhet birikmesi üçin welin, bu uly zat. Bu — Watan goragçylary bolan serhetçileriň maşgalalaryndaky jebisligi, agzybirligi görkezýär. Bu bolsa serhet birikmäniň zenanlar geňeşiniň uly üstünligi. Şeýle-de köpgatly ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan serhetçileriň arasynda-da bäsleşik geçirip, aýda bir ýeňijini saýlaýan eken. Şonuň üçin bu ýerde hiç wagt tertip-düzgün, edim-gylym, tämizlik ünsden düşürilmeýär.

Biz Orazsoltan Gulowalaryň döwletli ojagyna baranymyzda, myhman hormatyna goňşy gelinler hem geldiler.

— Duldegşir goňşym Orazsoltan jan meniň aýal doganym ýaly. Aýal doganym bilen surata düşürjek bolsaňyz, täze tikinen toý köýnegimi geýip gaýdaýyn diýdim — diýip, Oguljemal gelneje aňyrdan ýalpyldap geldi. Serhetçileriň maşgalalarynyň ýaşaýşa höwesi, işjanlylygy bizi biçak guwandyrdy.

– Öz aramyzda zenanlar geňeşini geçirenimizde-de, günde görşüp ýören goňşulardygymyza garamazdan, bezenip-beslenip gidýäris. Serhetde günde-günaşa diýen ýaly toý edilýär. Biz zenanlar geňeşimiz bilen ol toýlary özümiz gurnaýarys. Baýramçylyk günleri uly gazan ataryp, biş-düşem bilelikde edýäris. Her bahar baýramçylygynda üýşüp semeni bişirýäris. Orazsoltanyň özi bize ähli babatda baş bolýar. Golaýda Orazsoltan Gulowa «Harby gullugyň weterany» hem boldy — diýip, gelnejeler gürrüň berdiler.

Güler ýüzli Orazsoltan gelnejeden:

— Siz hem serhetçi, hem eje hem zenanlar bilen işleşýärsiňiz? Bularyň hemmesine ýetişýärsiňizmi? — diýip, soranymda ol:

— Men sekiz çagaly maşgalada ulaldym. Gaýyn ýerimem, tüweleme, köplük. Şonuň üçin köplük bilen ýerine ýetirilýän işiň gyzygam, gymmatam başga. Watan goragynda-da, çaga terbiýesinde-de, el hünärinde-de biz zenanlar bileleşip işleşenimiz üçin ähli zada arkaýyn ýetişýäris. Käte işden soň hem öýümizde gelinler bilen maslahat edýäris. Ýanýoldaşym hem serhetçi serkerde. Onsoň ol: «Orazsoltan, zenanlar geňeşiňiz üçin saňa öýde-de kabulhana açyp berjek» diýip degişýär — diýende, bizem ýylgyranymyzy duýman galdyk.

 

Gülnabat Begenjowa

  • 180
  • 26.06.2019