MAKALA

Tomusky dynç alyş möwsüminiň II tapgyry başlandy

Tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Köpetdagy etekläp oturan Gökdere jülgesinde ýerleşýän sagaldyş-dynç alyş merkezleri çagajyklarymyza gujak açyp, olara şatlyk paýlaýar. Şolaryň biri hem «Altyn ýyldyz» sagaldyş-dynç alyş merkezidir. Ýakynda serhetçi serkerdeleriň perzentleri tomusky dynç alyş möwsüminiň II tapgyry mynasybetli Gökdere jülgesinde ýerleşýän sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň gujagyna doldular. Bu sagaldyş-dynç alyş merkezinde dynç almaga, sport, döredijilik bilen meşgullanmaga, kitap okamaga ähli mümkinçilikler bar. Çagajyklarymyz şol mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, wagtlaryny şatlykly geçirýärler. Bulardan başga-da, Gökdere jülgesinde ýerleşýän sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň arasynda geçirilýän ýaryşlar hem ýokary guramaçylyk ýagdaýda geçirilýär. Bu bolsa körpejelerimiziň gowy dynç alyp, ukyp-başarnyklaryny artdyrmaga uly ýardam edýär. Körpejelerimiz şeýle mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarlar!

 

Selbi Aşirowa.

  • 116
  • 26.06.2019