MAKALA

«Taýpan» harby-modul taslamasy

Dürli görnüşdäki harby tehnikalar üçin niýetlenen we aradaşlykdan dolandyrylýan modullar häzirki wagtda işjeň ösüşe eýe bolýan ugurlaryň biridir. Ýaňy-ýakynda ukrain oýlap tapyjylary gyzyklanma bildirýän taraplara täze harby-moduly ilkinji gezek hödürlediler. Indi brontehnikanyň ot açyş kuwwatyny güýçlendirmek maksady bilen «Taýpan» atly ulgamy ulanmaga hödürlenýär.

Häzirki wagtda iň işjeň ýaýran ugur harby tehnikalaryň dürli tapgyrlary üçin aralykdan dolandyrylýan modullardyr. Edil birnäçe gün mundan ozal jemgyýet köpçüligine ukrainlaryň täze ýasan harby moduly görkezildi. Bronitehnikalaryň ot açyş güýjiniň täsirini güýçlendirmek üçin indi «Taýpan» diýlip atlandyrylýan enjamy ulanmak teklip berilýär.

Ukrainanyň görnüp duran ekonomiki we  sosial-syýasy meselelerine  garamazdan bu ýurduň goranyş senagatynyň täze üpjün ediji we tehniki taslamalarynyň işini dowam edýändikleri bellärliklidir.  Muňa mysal edip, bir näçe aý mundan ozal Ukraina tarapyndan harby tehnikalaryň dürli görnüşlerine gurnalmak üçin hödürlenen harby modul «Wiý» mysal getirmek bolar. Täze modul «Taýpan» hem birazajyk köne ýasalan görnüşine meňzeş we oňa käbir çyzgy gurluşy tarapdan hem meňzeşdir.

Bu täze harby modul hakyndaky maglumatlar we taýýarlanýan wagtynda alnan suratlar geçen ýylyň sentýabr aýynyň ortalaryna çap edildi.  Täze harby moduluň resmi görnüşiniň «Premýer görkezilşigi» sergisi biraz soňurak – Azerbaýjanyň degişli aýyndaky sergilendiren ADEX-2016-dan soň bolup geçdi. Serginiň pawilonlarynyň birine-de täze modul bilen enjamlaşdyrylan ukrain guramalarynyň «Bars» atly bronawtomobili gatnaşdy. Ondan başga-da açyk sergi meýdanynda Azerbaýjanyň we Kanadanyň gatnaşyklarynyň netijesinde bolan bronawtomobili AZCAN görkezildi. Bu ulagyň üstünde, ýagny depesinde hem «Taýpan» atly modul gurnalan ekeni.

Umumy arhitekturasy boýunça «Taýpan» öz tapgyrynyň adaty wekili bolup durýar. Deňeşdireniňde uly, çylşyrymly gurluşy ulanylýan bu modulyň içine ähli aýratyn agregatlary ýerleşýär. Bu modul optiki-elektron enjamy, ýaraglandyryjy serişdeler we ş.m bolan artileriýa (top) bölegi bilen enjamlaşdyrylan. Resmi habarlarda bu modulyň ýasalyşy barada aýdylanda, esasy ünsi ýeterlik derejede söweşjeň tärlerini ýokarlandyryp biljek täze ot bilen dolandyrylýan enjama gönükdirilýär.

«Taýpan» atly modula adaty bolmadyk köpburçly daşky gurluş berlen. Haýran galdyryjy beýle görnüş, goşmaça goragyň derejesini ýokarlandyrmakda gözlenilýän usulyň hem netijesi boldy.

«Taýpan» modulynyň mahsus görnüşi alyn tarapynyň, bortlarynyň (gorm) we iki tarapynda bolan sahyplarynyň bölüşmegi bolup durýar. Aşaky bölegi esli döwülme bilen daşyna oturdylýar, içki bölekleri bolsa içine eplenen görnüşde gurnalandyr. Ini uly bolmadyk gorm bölegi bu enjamyň çylşyrymly görnüşini eýeleýär we munuň ortasynda bolsa ýaraglary çykarmak üçin penjire ýerleşýär. Gapdaldan alyn böleklerine çekgeleri sepleşýär, şeýle hem funksiýalary ýerine ýetirýän bortuň öňündäki bölegi sepleşýändir. Göwresiniň yz tarapy hem meňzeş keşpde döredilip, enjamyň üsti kiçijek göwrümi bolan köpburçly kese üçek bilen ýaşyrlandyr.

Harby modulyň gabaralary entek anyklanmady. Şol bir wagtyň özünde bolsa azyndan bolup biläýjek gurluşyň (sistemanyň) agramy bellenildi. «Taýpan» modulynyň agramy 350 kg barabardyr.

Muny taýýarlanlaryň tassyklamaklaryna görä, belli bir aralykdan dolandyrylýan harby moduly «Taýpan» diňe ukrain senagaty tarapyndan döredildi. «Taýpan» modulynyň gurluşy daşary ýurt alyjylara hem hödürlenip bilner. Şol sanda bu taýýarlama ony döreden adamlaryň pikirine görä, halkara bazarynda uly üstünliklere, hat-da harby enjamlaryň arasynda halkara bazarynda bäsdeşlik hem döredip biler diýip belleýärler. Häzirden bu modula bolan isleg uly bolup, birnäçe ýerlerden sargyt edýärler.

 

Internet maglumatlary esasynda terjime edilip taýýarlanyldy.

  • 86
  • 26.06.2019