MAKALA

Arkadaga alkyşnamalar

Eziz Arkadagymyz siz

Bu gün şatlyk, buýsanç, joşgun gaplap aldy serimizi,

Goraýan wagtymyz ýurdy, dostluk serhetlerimizi,

Döwrümize şan bermegňiz, borja ruhlandyrdy bizi,

Göreldämiz, mertebämiz, şöhratymyz-şanymyz siz,

Belent Serkerdebaşymyz, eziz Arkadagymyz siz.

 

Eserlerňiz – ýol-ýörelge, başarnygňyz nusgalykdyr,

Şatlykdan joşan ýüregmiz misli uçan guş bolupdyr,

Eziz ýurdum Türkmenistan baky bagta duş bolupdyr,

Göreldämiz, mertebämiz, şöhratymyz-şanymyz siz,

Belent Serkerdebaşymyz, eziz Arkadagymyz siz.

 

Göýä köşgi ýada salyp dokundyrýan didämizi,

Täze galalary açyp, berdiňiz ak pataňyzy,

Ödäris Watana, halka, Arkadaga wadamyzy –

Göreldämiz, mertebämiz, şöhratymyz-şanymyz siz,

Belent Serkerdebaşymyz, eziz Arkadagymyz siz.

 

Öňe, öňe, diňe öňe, Türkmenistan eziz Watan,

Beýle ajap döwri-döwran gören dälsiň heniz, Watan,

Başym gurban, seň ýoluňdan dönme ýokdur hergiz, Watan,

Göreldämiz, mertebämiz, şöhratymyz-şanymyz siz,

Belent Serkerdebaşymyz, eziz Arkadagymyz siz.

 

Maksatmyart Atabalow. 

 

Arkadaga alkyş

Bütin dünýäň ykrar eýlän Lideri,

Güller, söýgi, ak alkyşlar Size ýar.

Rowanly ýollarda işler ileri,

Bagtly günler barlygňyzdan başlanýar,

Galkynandyr milli goşun Arkadag!

 

Tutumlary ýeňişlere şaýlanan,

Mertebeden uly dünýä aýlanan,

«Döwlet adam üçin» diýip söýlegen,

Pähmiňizde hiç synmajak hümmet bar,

Galkynandyr milli goşun Arkadag!

 

Çawy yklymlardan-yklyma ýeten,

Gurulýar, özgerýär, galkynýar Watan,

Jebislik ugrunda ak maksat tutan,

Gadym oguz illeriniň bagty bar,

Galkynandyr milli goşun Arkadag!

 

Gowulykdyr giň törleriň görgeni,

Toýdur muňa günleň idäp gelgeni,

Bagta besläp her pursaty, her güni,

Köňüllerden joşup-joşup diýmek bar,

Galkynandyr milli goşun Arkadag!

 

Serhetçileň bu gün joşup, ruhlana,

Öňe barýas buýsanç bile, bat bile.

Uly dünýä dogan bize, dost bize,

Ak daňlaryň ýalkymyna uýmak bar,

Galkynandyr milli goşun Arkadag!

 

Gujagynda toý-toýlaýyp heňňamyň,

Siz, dosty bolup siz uly dünýäniň,

Ýeňişe dolduryp bu gün çar ýanyn,

Adyňyz alkyşlar hoş zaman, hoş çag,

Galkynandyr milli goşun Arkadag!

 

Dünýä ýaýyp parahatlyk çawyny,

Güle besläp dag-dere, her zawyny,

Al-asmanda pasyrdadyp Tuguny,

«Serhet abat — döwlet abat» diýilýär,

Galkynandyr milli goşun Arkadag!

 

Göreldäňiz başa täç deý göterlen,

Dowamy siz mert ogul, mert pederleň,

Baky bagtyň döwresine ýetirlen,

Berkarar döwletde baky jennet bar,

Galkynandyr milli goşun Arkadag!

 

Täze tehnikalar, täze desgalar,

Pähmiňizden bu giň dünýe nusga alar.

Serhetçiler kasam eýläp seslener,

«Şöhrat, şöhrat, şöhrat!» diýip bagtyýar,

Galkynandyr milli goşun Arkadag!

Serhetçiler Siziň bilen Arkadag!

Aknur Rozyýewa.

  • 49
  • 29.06.2019