MAKALA

Serhet galam — maşgalam

Belent dagyň gerşi biziň serhet galamyzy penalap, tebigatyň üýtgeşik bir sazlaşygyny ýatladýardy. Galamyzyň sol tarapyndan heýkeltaraşyň sünnäläp ýasan ajaýyp sungat eseri deýin belentlikden aşaklygyna akýan dury suwdan gananyňda, birnäçe wagt bäri serhet tabşyrygynda bolanlygyňa garamazdan, ýadawlygyň zym-zyýat bolýardy. Ol çeşme, hamana diýersiň, ýaşaýşyň gözbaşyna çalymdaşdy, sebäbi ol ýere guş-gumrular, keýik sürüleri ýygy-ýygydan gelip, suw içip gidýärdiler. Şarlawuk serhet galasyndan o diýen uzakda bolmasa-da, ýabany haýwanlar özlerini diýseň arkaýyn duýýardylar. Käbiri bolsa, göýä asudalygyň goragçylary bolan serhetçilere bir zatlar aňlatmak isleýäne çalym edýärdi.

Biziň serhet galamyzyň baý taryhy, geçen şöhratly ýoly bar. Ol ýerde gulluk eden Watanyň merdana ogullarynyň görkezen gaýduwsyz ýollary serhet galasynyň ýadygärlik albomynda şu günlerimize çenli saklanyp galypdyr.

...Şol gün gyş paslynyň bir günüdi. Belent daglaryň buzdan sowuk gujagy endam-janyňy tikenekledip barýardy. Hawa, daglyk ýerde howanyň sowugy diýseň gazaply bolýar. Ol gün men galada nobatçylyga bellenipdim. Ähli janly-jemende uka gidip, gije ýarymdan agansoň, serhet galamyzyň awtoulag duralgasynyň derwezesiniň golaýynda çaga sesine meňzeş bir zaryn iňňildi sesi eşidilip başlady. Men dessine serhet galasynyň serkerdesine bu barada hasabat berdim. Biz ol ýere haýal etmän baranymyzda, bize göni bakyp duran ene keýige gözümiz düşdi.

Göräýmäge ol keýigiň jany sag ýalydy, eýläk-beýläk hereket edende-de dogumlydy. Şonuň üçinem biz ony ýyrtyjy jandarlaryň biri kowalandyr, ol hem serhet galasyny gaçybatalga edinendir diýip pikir etdik. Biziň yza çekilenimizi gören keýik, aňyrlygyna ýöräp barýan ýerinden säginip, ýene-de bize seredip durdy. Soňra ýanymdaky serkerdäm maňa:

— Bu janawer bize bir zady-ha yşarat edýär. Ýogsa-da ýaňky zaryn ses bu keýigiň sesin-ä meňzänok — diýip, entek sözüni tamamlamanka, şol ses ýene-de eşidildi. Bu gezek ses diýseň golaýdady. Asyl ene keýigiň aňry ýanynda enaýyja, gorkusyndan ýaňa gulajyklaryny keýerdip duranja owlajygy hem bar ekeni. Owlajygyň halynyň teňdigi daşyndan bildirip durdy. Ol syrkawlap, sowuga çydamansoň, ene keýik gijäniň içinde owlagynyň kösenişine dözmän, serhet galasyndan hemaýat isläp gelen bolmalydy.

Biz owlajygy ýyly ýere geçirip, onuň çygdan ezilen endamyny esgi bilen süpürip guratdyk-da, gulluk atlarymyz üçin ýygnalyp goýlan bededen keýik owlajygynyň öňüne oklap, oňa ot-suw berdik. Keýik owlagynyň ot çeýnemäge-de gurbatynyň galmandygy daşyndan hem bildirýärdi. Naşyja owlajyk ol wagt diňe ýyly ýere we uka mätäçdi. Birnäçe gün bäri sowukda halys surnugyp, ýyly ýerde ynjalan keýik owlajygy ahyry uklady.

Günleriň öz ornuny çalşyp, wagtyň geçmegi bilen, owlajyk kem-kemden sagalyp gitdi. Ol käte serhet galamyzdaky esgerler bilen her hili oýunjyklar hem ederdi. Serhet tabşyrygyna gidenlerinde bolsa esgerleri esli ara çenli ugradyp, soňam depede yzlaryndan seredip durardy.

Serhet durmuşynyň gyzykly wakalary ýadyňdan çykmaýar. Biziň serhet galamyzda hem içiň gysjak gümanyň ýokdy.

Meniň çagyryş boýunça harby gullugym şeýle görnüşdäki gyzykly ýatlamalara baý we manyly geçdi. Men özümiň gulluk borjumy tebigatyň ajaýyp goýnunda ýerleşen serhet galada ýerine ýetirendigime diýseň guwanýaryn.

 

Maksat Geldiýew.

  • 71
  • 29.06.2019