MAKALA

Mawy deňziň serhedinde

Biz ýene-de mawy deňziň nurana säherleriniň birini Hazaryň kenaryna tarap uzalan ak ýollarda garşyladyk. Gyzaryp dogup gelýän Gün dünýäniň ähli ýagşylyklary bilen bir hatarda biziň hem döredijilik saparymyza ak pata bermek isleýän ýaly kem-kemden Göge göterilip barýardy. Göwnüme bolmasa, biziň ýolumyz bilen birlikde ýüreginde ýyllaryň aýak yzlary galan sansyz ýollar dünýäniň özüni hem ullakan ýola öwrüp, millionlarça ykballaryň törüne sary uzalyp barýan ýalydy... Bizi deňiz araçäklerinde mukaddes gulluklaryny üstünlikli berjaý edýän merdana serhetçilerimiziň ýanyna serhediň ýene bir ajaýyp gününi garşylamak üçin alyp barýan bu ýol — mertligiň, watansöýüjiligiň, asudalygyň goýnuna — Watanyň başlanýan ýerine tarap alyp barýardy.

Şapagyň tylla şuglalarynyň suwuň ýüzünde öwşün atyşyny synlap barşymyza ençe menzil uzaklykdan görnen maýagyň sudury barmaly ýerimize ýakynlaşandygymyzyň buşlugy kimin seleňläp durdy. Bu ýerler hakynda eşiden hem bolsak entek gadam basmanymyz üçin ulagdan düşenimizden biziň bilen ilkinji bolup deňziň ýumşak ýelleriniň mylaýymja çigregi salamlaşdy. Aksowult toprakly gözýetimiň erňeginden göze sygmaz giňliklere sary uzalyp gidýän deňziň asuda keşbine özboluşly gözellik kimin has uzaklardan hem seleňläp göze ilýän maýagyň gijelerine has-da üýtgeşik ýalkym saçýandygyny buýsançly gürrüň beren esgerleriň özleri hem bu gözelliklere gaýta-gaýta aşyk bolýana meňzeşdi. Taryhda bu kenarlaryň ap-ak ganatlaryny pasyrdadyp duran gazlaryň mesgeni bolandygyny aýdan terbiýeçi serkerde bolsa bize şäherçäniň adynyň hem bu ýerde gurlan maýak bilen baglydygyny aýtdy. Şeýle-de terbiýeçi serkerdäniň bu ýerdäki duz kombinatynyň bütin ýurdumyzy nahar duzy bilen üpjün edýändigi we ýerleriň aksowult öwüsmesiniň duzlaşma bilen baglydygy hakyndaky gürrüňlerini diňläp barşymyza bizi alyp gelen ýollaryň dogrudan hem ykballara sary barýandygyna ynandyk.

Deňiz, ak guwlar, asudalyk we mukaddes saýylan duzuň hut şu ýerlerden bereketli saçaklarymyza çenli ýetip barmasy özboluşly bir sazlaşyk kimin ýaşaýşyň ýüregi bolup gürsüldeýärdi. Ululy-kiçili balykgulaklaryň düşek kimin düşelen kenaryndan nobatdaky tabşyrygyna sary ädimläp geçip giden esgerleriň dogumly ýörişlerine öýkünýän oglanjyklaryň kenardaky oýunlaryny synlamak bolsa has hezildi. Dünýäniň islendik künjeginde hem üýtgewsizligini saklaýan çagalygyň tämiz dünýäsiniň ajaýyplygyna goşulmak üçin çagajyklar bilen tanyşanymyzdan soň, olara ulalanda kim boljakdygy hakyndaky adaty sowal bilen ýüzlenýäris. Dogumlydan ekabyrja oglanjykdan «serhetçi» jogabyny eşidýäris. Beýleki ýeserje körpejäniň bolsa buýsanç bilen göreçlerimize dikilişine «kosmonawt» diýmegi ählimizi hem çagalyk ýatlamalary bilen ýylgyrdyp, serhetleri asuda döwletimizde arzuwlaryň hökman hasyl bolýandygy baradaky duýgy ýüreklerimize ynam berdi. Dag, sähra, deňiz, derýa diýmezden islendik ýerde hem goragy ynamly gollarda alnyp barylýan mukaddes serhedimiziň tebigy aýratynlyklaryna laýyklykda, deňiz araçäklerinde gulluk alyp barmagyň diňe merdana serhetçilere düşnükli bolan özboluşly talaplary bar. Iň esasysy bolsa bu ýerde gulluk alyp barýan esgerlerimiziň her gün kä daşly, kä çägeli kenarlary syryp geçip gidýän ýollary bütin ýurdumyzyň asudalygynyň we bagtyýarlygynyň goýnuna sary uzalyp, öýlere abadançylyk bolup ýetip barýanlygydyr. «Watan gullugy üçin düşülen ýollaryň ählisem mukaddesdir welin, ýöne gije deňiz kenaryndan tolkunlaryň güwwüldisine diň salyp, tabşyryga gitmegiň täsirini ömürboýy unudyp bolmasa gerek?! Göwnüňe bolmasa, deňziň sesi Watan üçin ädilen ädimlere alkyş bolup ýaňlanýar» diýen esger bolsa müň keren mamla. Olaryň her gün gatnaýan buýsançly ýollaryndan deňziň mawy gözýetimini boýlap barşymyza serhetçi esgerleriň türgenleşik geçip duran pursatlaryna-da şaýat bolýarys. Olaryň ezberlik we çalasynlyk bilen ýerine ýetirýän dürli tilsimlerine seredip, mukaddes serhediň goragynda durýan gerçekleriň beden we aň taýdan has kämil bolmalydyklary hakyndaky aýdylanlaryň aýdyň hakykatyny tassyklaýarys. Birdenem ir säherde-de bizi özüniň dury suraty bilen garşylan deňziň üstüniň dumanlap, tolkunlarynyň batlanyp başlanmagy bilen bütin töweregiň keşbiniň birsalymda üýtgemegi bize serhet galasynyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşmaga çakymyzdan has öň mümkinçilik döretdi.

Serhetçileriň durmuşyndan, bu ýerleriň taryhyndan, dürli ýyllarda gazanylan üstünliklerden habar berýän taryhy pursatlardan galan suratlary synlap ýörşümize kiçijik Gülçemenjigiň esgerleriň biri bilen iňlis dilinde goşgy ýat tutjak bolup oturan pursatlaryna seredip, serhet galasyna ýöne ýere «Serhet galam — maşgalam» diýilmeýänligine göz ýetirýäris. «Agzybirligiň bar ýerinde, megerem, ýetilmejek sepgit ýok bolsa gerek?!» diýip, oýlanyşymyza yzymyza gaýtmak üçin serhet galasyndan daşary çykdyk. Bütin töweregiň ýene-de öňküsi ýaly asudalykdygy, tolkunlaryň sesiniň birsydyrgynlygy bu ýerleriň tebigaty babatda bizi hasam haýran galdyrýar. Serhetleriň asudalygynyň bütin Watanymyzyň asudalygyna gözbaş bolýandygy hakynda oýlanyp, täsin tebigata eýe bolan bu ýer we bu ýerdäki merdana gerçekler bilen hoşlaşyp gaýtmak üçin ýene-de ýola düşdük...

 

Aknur Rozyýewa.

  • 103
  • 29.06.2019