MAKALA

Türkmenler we Merkezi Aziýanyň halklary

Merkezi Aziýa giňişlik geografiýa babatda ýeterlik derejede birmeňzeş sebit bolmak bilen, Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda baglanyşdyryjy halkanyň hyzmatyny ýerine ýetirýär.

Merkezi Aziýanyň müňýyllyklaryň dowamynda öwrenilýän ykballarynyň umumylygy, diňe bir çäkleriniň ýakynlygy we özara täsirleri arkaly däl-de, eýsem meňzeş tebigy-howa şertleri we bu sebitiň yzygiderli umumy medeni-taryhy ösüşiň täsirine düşendigi bilen şertlenýär... diňe bir etnomedeni ýagdaýlar esasy wajyp hyzmaty ýerine ýetirmän, eýsem özara araçäkleriň bolmazlygy hem sebitiň içinde hemişelik we giň möçberli gatnaşyklaryň bolmagyna getiripdir. Hut şonuň üçin Merkezi Aziýa anyk görnüp duran özboluşly medeni-taryhy ýagdaýly, elmydama özüni oňarýan we bitewi sebit bolupdyr. Merkezi Aziýanyň giň territoriýasynda biri-biriniň üstüni ýetirýän «siwilizasiýalaryň» täsin bir tarapdan, dürli şäherleri, senetçiligi, dini, ýazuwy, edebiýaty we suwaryş ulgamy bolan ösen şäherli oturymly-ekerançylyk, ikinji tarapdan çarwa dagynyk ýaşamagyň ulgamy emele gelipdir.

Merkezi Aziýanyň çägi ýer togalygynyň has gadymy adamlarynyň ýaşaýan zolagynda ýerleşipdir. Türkmenistanda adam ýaşaýşynyň iň irki subutnamalary aşaky paleolite (aşel medeniýeti), ýagny ýurduň günbatarynda gadymy daş asyryna degişlidir. Artefaktlaryň senesi b. e. öňki 500-300 müň ýyldyr. Eýýäm şol wagtda Merkezi Aziýada iki medeniýet tapawutlandyrylýar: günortada nusgawy görnüşdäki el daşpaltasynyň medeniýeti, gündogarda we demirgazykda çopperleriň (giň ýüzli daşpaltalar) medeniýeti. Olaryň birinjisi şertleýin «ortaýerdeňiz», ikinjisi «gündogaraziýa» diýip atlandyrylýar. Bu jähtden Merkezi Aziýa sebiti diňe bir Aziýa bilen Ýewropany baglanyşdyrýan halka bolman, eýsem has gadymy Günorta-Gündogar, Gündogar, Merkezi, Alynky we Günorta Aziýanyň medeniýetleriniň ilkinji gezek aragatnaşyk edip başlan merkezidir.

Orta (mustýer döwri), ýokarky paleolitde, mezolitde (orta daş asyry) we neolitde (täze daş asyry) sebitiň medeni-taryhy aragatnaşygy has işjeňleşýär. Günbatar Türkmenistanyň Kesgir Bulak, Gara Teňir, Dam-Dam Çeşme, Gaýly we beýleki ýadygärlikleriniň Özbegistanyň, Täjigistanyň, Günorta Gazagystanyň ýadygärlikleri bilen meňzeşligi bar. Merkezi Aziýanyň häzirki zaman adamynyň emele gelen giň zolaklarynyň biri bolandygy gümansyzdyr. Daş gurallaryny ýasamagyň tehnikasynyň ýerli aýratynlyklaryna seretmezden, beýleki taýpalaryň eýeleýän ýerleriniň içinden «kem-kemden geçip», örän giň aralyklarda arkaýyn hereket edýän gadymy taýpalaryň arasynda gatnaşygy görmek bolýar.

Bu barada ilkidurmuş ýadygärlikleri boýunça iri hünärmenleriň biri A.P.Okladnikow, ine, şeýle ýazýar: «Mezolit döwründe Hazar ýakasynda, Amyderýanyň jülgesinde özüniň ýaýrawynda Aziýanyň günortasyny, Ýewropany, Afrikany, hatda uzakdaky Awstraliýany hem gurşap alan, geometrik görnüşli gurally mikrolitik medeniýetleriň örän uly ýeriniň düzüji bölegi bolup duran mikrolitik medeniýet ösýär. Bu medeniýetiň kökleri günorta «hazar» paleolitine barýar. Beýleki tarapdan, Orta Aziýanyň gündogarynda uzak wagtlap Týan-Şanyň we Pamiriň daglylarynyň medeniýeti bolýar. Ol gelip çykyşy boýunça Merkezi, Demirgazyk we Gündogar Aziýanyň çopperleriniň (giň ýüzli daşpaltalarynyň) medeniýeti bilen baglanyşyklydyr. Eýýäm ilki başdan, aşaky we orta paleolitden bäri bu medeniýetler diňe bir galtaşman, eýsem garyşyp, biri-birine täsir edipdirler we gatlaklary emele getiripdirler. Aralyk ýa-da «gibrid» medeniýetleriň ýüze çykan bolmagy hem ahmal».

B.e. öňki IV-III müňýyllyklarda Merkezi Aziýanyň köp ýeri günortada gadymy ekerançylar (jeýtun, änew we beýleki medeniýetleriň ýadygärlikleri) we kelteminar medeniýetine girýänler tarapyndan eýelenipdir. Soňky Demirgazyk Türkmenistany (ilki şu ýerde şol medeniýet açylypdyr), Günbatar Gazagystany, Özbegistany eýelän ýesir alnan toparlaryň medeniýetini birleşdirýär. Kelteminar medeniýeti gödek ýasalan keramika (külal), (düýbi çüňkli we baý nagyşlanan), uly ýer kümeler we beýlekiler bilen häsiýetlenýär. Kelteminaryň territoriýalaýyn görnüşleri tapawutlanýar (Akça-darýa, Uzboý, günbatar Gazagystan, Gyzylgum, aşaky Zerewşan).

«Kelteminarlylar» diňe biri-birinden däl, eýsem has daşdaky ýerleriň ilatyndan hem üzňe bolmandyrlar. Kelteminar obalaryndan gelip çykan keramika Uralda, Günbatar Sibiriň tokaýly ýerlerinde (tä Ob we Ýeniseý derýalaryna çenli) we Günorta Sibiriň sähralarynda ýaşan taýpalar bilen aragatnaşygyň bolandygyny subut edýär.

Kelteminar medeniýetiniň Günbatar Türkmenistanyň awçy-balykçy taýpalarynyň, Günorta Türkmenistanyň ekerançy taýpalarynyň we has gadymy ýerli medeniýetleriň esasynda emele gelendigi anyklanyldy.

Günorta türkmenistanly taýpalar Merkezi Aziýanyň täsin medeniýetiniň emele gelmeginde uly hyzmaty ýerine ýetiripdirler, olaryň täsiri Özbegistanda, Täjigistanda, Owganystanda, Gyrgyzda duşýar. Olaryň gündogardaky iň daşdaky etraby Ferganadaky çust medeniýetiniň obalary bolupdyr.

Eneolit we mis zamanalarynyň günorta türkmenistanly ekerançy taýpalarynyň ösen ilkinji şäher medeniýeti (Altyndepe, Namazgadepe, Marguşyň obalary we beýlekiler) Merkezi Aziýanyň günortasynda bolup geçen taryhy wakalaryň bütin geçişine täsir edipdirler. Şol döwürde sebitiň demirgazygynda «sähra misi» atlandyrylan medeniýet emele gelipdir. Onda esasy orun taýpalaryň köp hereketini üpjün edýän çarwaçylyga degişli bolupdyr. «Sähra misi» medeniýetiniň taýpalary iki sany esasy medeni-taryhy umumylyklar günbatarda «çapylan» we gündogarda «andronow» bilen berilýär. Olar özleriniň günorta çetinde uly aýratynlyklary we arheologik toplumlarynyň dürlüligi bilen tapawutlanýarlar.

B. e. öňki II müňýyllygyň ortasynda «çapylanlar» we «andronowlylar» Merkezi Aziýanyň günorta etraplaryna aralaşypdyrlar we ilki şäher siwilizasiýasynyň çetki «nadan» bölegini emele getirip, gadymy ekerançy ilat bilen gatnaşyk açypdyrlar. Günorta siwilizasiýanyň sähra taýpalarynyň medeniýetine täsiri yzygiderli bolupdyr we Ýewraziýanyň galtaşýan ýerlerinde ýaşaýan ilatyňky bilen deňeşdireniň-de, olarda has ýokary medeniýetiň ösmegine ýardam edipdir.

(Dowamy bar)

 

Öwez Gündogdyýewiň

«Türkmenler we dünýä halklary» atly kitabyndan.

  • 33
  • 29.06.2019