MAKALA

Awstraliýada ilkinji suwasty taksiler ulanyşyga goýberildi

Awstraliýanyň  Tourism Queensland syýahatçylyk topary Uber kompaniýasy bilen bilelikde iki orunlyk ScUber atly suwasty taksileri döretdiler. Bu barada Uber öz resmi internet sahypasynda habar berdi.

Bu taksi-de Awstraliýanyň demirgazyk-gündogaryndaky uly göwrümdäki suwasty gaýalaryny syýahat etmek mümkin. Şonuň üçin taksini Uber programmasynyň üsti bilen Awstraliýanyň Kwinslend şäherinde sargyt edip bolýar. Dogrusyny aýtsak, ony ýerine ýetirmek üçin dikuçarly Heron adasyna baryp ýetmeli, ol ýerde bolsa suwasty gämisine münüp bolýar. Bularyň ählisiniň bahasy ortaça $3000 bolar.

Heniz bu hyzmat 2019-njy ýylyň maý aýynyň 27-sinden iýun aýynyň 18-ne çenli elýeterli bolar. CNN-niň berýän maglumatlaryna görä, eger ScUber üstünlikli hyzmatyny ýola goýup bilse, kompaniýa hemişe iş üpjünçiligini amala aşyrar we uly göwrümdäki suwasty gaýalara syýahat etmekligi köpçülige hödürlär.

 

Internet maglumatlary esasynda terjime edilip taýýarlanyldy.

  • 29
  • 29.06.2019