MAKALA

Jandan ezizsiň, Watan!

 

Watan! Bary-ýogy bäş harpdan ybarat bolan bu gysgajyk söz ýüregiň töründen gaýdyp, diliňe gelende, umman tolkunlary kimin kalbyňy sarsdyryp, uç-gyraksyz buýsanç, guwanç duýgusy bilen giň äleme ýaýrap gidýär. Bu söz her bir ynsana iň mähriban bolan «ejem», «kakam», «balam» ýaly gymmatly sözleriň derejesinde seni bagtyýar edýär.

Altyn önýän topragy, egsilmez ýerasty baýlyklary, dört paslynyň täsin öwüşginleri bilen türkmen tebigatyna gözellik berýän daglary, ýumşak baýyrlary, seýranly sähralary, çeşme-çaýlary, Jeýhun derýasy, Hazar deňzi, bugdaýly meýdanlary, pagtazarlyklary bilen halkyny ekläp oturan Watanyňa bagryňy badaşdyryp, ony söýmek, oňa hyzmat etmek, goramak her bir raýatyň borjudyr.

Eziz Watanyň goragy hemişe-de mukaddes saýylýar. Dünýäde birnäçe mukaddeslikler bar bolsa, şolaryň biri-de göbek ganyň daman ýeri, Watanyňdyr. Türkmen üçin ata Watanyň mukaddesligi has-da belentde durýar. Göbek ganyň da­man topraga, ata Watan diýilmeginiň esasy sebäbi hem şunda bolsa gerek. Watana söýgi, buýsanç bize ata-babalarymyzdan galan nusgalyk ýol-ýörelgedir. Her bir türkmeniň kalbynda mukaddes Watanyna bolan belentden-belent söýgi ýatyr. Biz ata Watanymyzy käbämizi söýşümiz dek söýýäris.

Ýüreginde Watanyna söýgüsi jemlenen, Watan bilen dem alýan her bir Watan goragçysy, ýurt asudalygyny, il-gününi gorap saklamaklygy ynanylan Oguz han, Gorkut ata, Görogly beg, Alp Arslan ýaly beýik şahsyýetleriň öçmejek mertlik, merdanalyk, paýhaslylyk, ýaly häsiýetlerini nusgalyk ýörelge edinmelidirler.

Çaganyň göbek gany ene topraga damýar. Diýmek, çaganyň öz Watany, ene topragy bilen bagry badaşýar. Her bir türkmen enesi perzendi dünýä inende: «Süňňi meniňki, jany seniňki» diýip, Wa­tanyny goramaklygy, ony söýmekligi ene hüwdüsi, ata wesýeti bilen çagasynyň kalbyna guýýar.

Halkyň gahrymançylykly eposy bolan «Görogly» şadessanynda akyldar atasy Jygalybeg serdar:

– Ýalňyz balam, algyn pendim,

Ýurduňy terk ediji bolma – diýip, ýalňyz ogluna pent edýär. Watanyňy söýmekligiň, ony goramaklygyň — hemme zadyny söýmek, hemme zadyny goramak, Watan üçin gara başyňy goýmak borjuňy duýmalydygy baradaky düşünjäni aňyna guýýar.

Türkmenlerde ajaýyp bir aýtgy bar. Onda: «Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölünçä aglar» diýlip, Watanyň hemme zatdan gymmatdygy nygtalýar.

Watanyň mukaddesligi, onuň jandan hem ezizligi barada oýa batyp şeýle duýgulardan täsir alanyňda dünýäniň iň gadymy, iň owadan hem ösen ýurtlaryndan gaýdyp geleniňde-de:

– Ykbal, meni bu Watandan aýyrma – diýip, ýürek buýsanjyny dünýä ýaýasyň gelýär.

Öz halkyny, Watanynyň abraýyny götermek bolsa her birimiz üçin borçdur.

Men seniň gyzyň, Watan!

Seniň adyň keşdeledim ýaglygma,

Göwnüň söýlänini saýla diýseler,

Seni çalyşmadym dünýäň baýlygna.

 

Men seniň gyzyň, Watan!

Hymmyl kakyp doldum aýly gijäňe,

Bagyňa gül boldum,

Gülüňe bilbil,

Şu bagt düşüpdir meniň bijäme.

 

Men seniň gyzyň, Watan!

Borjumdyr üwremek sallançagyňy,

Gurşun kimin kalba guýup pendiňi,

Unutman ak ýola ýollan çagyňy.

 

Men seniň gyzyň, Watan!

Zenan söýgim bilen söýerin seni.

Ýöne gerek bolsa ýowuzlyklara,

Bir ogluň deregine ugratgyn meni.

Bu meniň eziz Watanyma bolan beýik söýgimden nyşandyr. Ýöne ol söýgini şygryna sygdyryp bilen şahyr bo­lan däldir. Ol umman möwji, Günüň çogy, Aýyň ýalkymy ýaly egsilmez mukaddeslikdir, her bir raýatyň buýsanjydyr, guwanjydyr.

Watan ezizdir. Watany söýmek, Ony serhet araçäklerinde durup goramak, tapylgysyz bagtdyr. Muny etmek bilen sen — mukaddes topragyňy, mähriban ene-ataňy, ar-namysyňy, şeýle mukaddeslikler üçin gahrymançylyk görkezip, Watan üçin baş goýan pederleriň ruhuny, garaz, Watanyň goýnundaky bar bolan ähli ezizlikleri goraýarsyň.

Sen Watanyň başlanýan ýerinde durup, bu ezizlikleri goraýarkaň, daň-säherler tyllaýy günüň tamdyrdan çykan çörek deýin gyzaryp dogşuny, gijelerine asmanda patrak deýin düzülen ýyldyzlaryň ir säherler zym-zyýat bolup gözden ýitişini, guşlaryň perwaz urýan owazyny, aňyrsyna göz ýetmez deňziň sadalyk bilen atýan tolkunlaryny, dagyň arassa hem mylaýym öwsen ýellerini, dost-doganlyk ýurtlardan gelen hoşniýetli myhmanlary ilkinji bolup garşy alýarsyň. Bu bolsa durmuşda Beýik Taňrynyň saňa beren uly bagtydyr.

Watan goragçysy, sen hemişe şeýle bagtyň özüňe nesip edendigine we ynanylandygyna, bardygyna hem bardygyňa guwangyn, buýsangyn. Çünki sen Watan serhediniň goragçysysyň, eziz ýurduny soňky demine çenli gözüniň göreji deýin goran gaýduwsyz ata-babalaryň neslisiň.

 

Sona Ýazowa,

Türkmenistanyň halk ýazyjysy.

  • 75
  • 03.07.2019