MAKALA

Baýramçylygyň öň ýanyndaky çäreleri utgaşdyrmak boýunça wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy

Aş­ga­bat şä­her hä­kim­li­gi­niň bi­na­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­lyk baý­ram­çy­ly­gy­na, da­ba­ra­ly çä­re­le­ri gu­ra­ma­ga, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sü­ren de­giş­li we­zi­pe­le­ri­ni çöz­mä­ge ba­gyş­la­nan mas­la­hat ge­çi­ril­di. Oňa Hö­kü­met ag­za­la­ry, dür­li pu­dak­la­ryň, me­de­ni­ýet, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri ul­gam­la­ry­nyň, şä­her gul­luk­la­ry­nyň we do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry gat­naş­dy­lar. Olar mil­li Li­de­ri­mi­ziň gör­kez­me­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça mö­hüm çä­re­le­riň mak­sat­na­ma­sy­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.

Mas­la­hat döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň paý­tag­ty­my­zy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek we aba­dan­laş­dyr­mak, şol san­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýa­kyn­da paý­tag­ty­myz­da­ky tä­ze gu­rul­ýan des­ga­lar­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy, onuň dur­muş dü­zü­mi­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi bi­len tan­şan ma­ha­lyn­da be­ren tab­şy­ryk­la­ry­ny ama­la aşyr­ma­gyň bar­şy ba­ra­da­ky ha­sa­bat­dan baş­lan­dy.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, gu­rul­ýan des­ga­la­ryň ýo­ka­ry hil de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi, öz wag­tyn­da ulan­ma­ga be­ril­me­gi mil­li Li­de­ri­mi­ziň esa­sy ta­la­by­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän bi­na­la­ryň we des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan taý­ýar­lyk me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ni paý­tag­ty­my­zy ös­dür­me­giň kon­sep­si­ýa­sy­ny ama­la aşyr­ma­gyň esa­sy şer­ti hök­mün­de kes­git­le­ýär. Şu mak­sat bi­len Aş­ga­bat­da gök we se­ýil­gäh zo­lak­la­ry­nyň çäk­le­ri­ni gi­ňelt­mek, aras­sa­çy­lyk ka­da­la­ry­ny we düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.

Paý­tag­ty­my­zyň ila­ty mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ça­gy­ry­şy­na jo­gap edip, köp­çü­lik­le­ýin bag na­hal­la­ry­nyň otur­dyl­ma­gy­na ba­gyş­la­nan ýo­war­la­ra we beý­le­ki eko­lo­gi­ýa ugur­ly çä­re­le­re yzy­gi­der­li gat­naş­ýar. Şu­nuň ýa­ly asyl­ly çä­rä­ni Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çir­mek bel­le­nil­di. Bu bol­sa şä­he­riň şan­ly se­nä­ni ýo­ka­ry de­re­je­de gar­şy­la­ma­gyn­da aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li bo­lar.

Şeý­le hem mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da paý­tag­ty­my­zyň je­ma­gat ho­ja­ly­gy, ener­ge­ti­ka ul­gam­la­ry­nyň, ýol-ulag we in­že­ner­çi­lik, ara­gat­na­şyk dü­züm­le­ri­niň, beý­le­ki gul­luk­la­ry­nyň saz­la­şyk­ly işi­ni üp­jün et­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Şä­he­riň äh­li ul­gam­la­ry­nyň do­ly de­re­je­dä­ki saz­la­şyk­ly işi adam­lar üçin mö­hüm şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­niň ke­pi­li­dir.

Aş­ga­ba­dyň Döw­let mün­be­ri­niň öňün­dä­ki Baş meý­dan­da ge­çi­ril­jek da­ba­ra­ly ýö­riş me­se­le­le­ri­ne hem ga­ral­dy. On­dan ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ry­nyň müň­ler­çe iş­gär­le­ri ge­çer­ler we Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy top­lu­my­nyň hem-de dur­muş dü­züm­le­ri­niň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ni gör­ke­zer­ler. Baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­niň ha­ta­ryn­da kon­sert, sah­na­laş­dy­ry­lan çy­kyş­lar we beý­le­ki köp­çü­lik­le­ýin-me­de­ni çä­re­ler bar. Mas­la­hat­da ola­ry gu­ra­mak bo­ýun­ça anyk çä­re­ler kes­git­le­nil­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ryn­da mil­le­ti­mi­ziň baý me­de­ni-ta­ry­hy mi­ra­sy, ýur­du­my­zyň hä­zir­ki döw­ri hem-de ga­raş­syz ösüş ýo­lun­da ge­çen şöh­rat­ly men­zi­li öz be­ýa­ny­ny ta­par.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow dö­re­di­ji­lik we­kil­le­ri­niň hü­när de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň hem-de işi­niň yzy­gi­der­li ös­dü­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­ýär. Şo­lar Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň be­ýik ru­hu­na, Türk­me­nis­ta­nyň kuw­wat­ly yk­dy­sa­dy we yn­san­per­wer müm­kin­çi­lik­le­ri, ýo­ka­ry ru­hy däp­le­ri hem-de jem­gy­ýe­tiň de­mok­ra­tik gym­mat­lyk­la­ry bo­lan döw­let hök­mün­dä­ki hal­ka­ra ab­ra­ýy­na ky­bap gel­me­li­dir.

Bu­la­ryň hem­me­si baý­ram­çy­lyk ýag­da­ýy­ny dö­ret­mek­de, döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä gi­ňiş­li­gin­dä­ki ab­ra­ýy­ny ber­kit­mek­de mö­hüm orun eýe­le­ýän köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de my­na­syp de­re­je­de be­ýan edil­me­li­dir.

Mas­la­hat­da Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li iri da­ba­ra­la­ry ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çir­mä­ge gat­naş­ýan dür­li eda­ra­la­ryň we dü­züm­le­riň jo­gap­kär­çi­li­gi hem-de işi­ni ut­gaş­dyr­ma­gyň gu­ral­la­ry-da kes­git­le­nil­di.

Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýur­du­my­zyň Baş baý­ra­my­ny — Ga­raş­syz­lyk gü­nü­ni my­na­syp gar­şy­la­mak bo­ýun­ça öň­de go­ýan mö­hüm we jo­gap­kär­li we­zi­pe­le­ri­ni do­ly ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry­ny et­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy­lar.

 

  • 46
  • 06.09.2018