MAKALA

Serhetçi zenanyň sport üstünligi

Sportuň gülleýän ýurdy bolan Türkmenistan döwletimizde ezber türgenleriň kemala gelmegine, olaryň ýaryşlara yzygiderli gatnaşmaklaryna giň mümkinçilikler döredilýär.

Häzirki wagtda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bimöçber tagallalary bilen Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylary hem sportuň dürli görnüşleri boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Olar saýlap alan sport görnüşleri boýunça ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň düzüminde ezberlik bilen çykyş edip, baýrakly orunlary eýelemegi başarýarlar.

Ýakynda sportuň futzal görnüşi boýunça zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryş geçirildi. Bu ýaryşda Aşgabat şäheriniň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň «Aşgabat» futzal topary birinji orny eýeledi. Bilşimiz ýaly, futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynda çykyş edýän zenan türgenleriň birnäçesi bu toparyň düzüminde boldy. Bu ýaryşda «Halkara ýaryşlarynda tapawutlanan oýunçy» diýen hormat hatlarynyň eýesi, häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy Bagtygül Gurbanowanyň topara ýolbaşçylyk etmegi aýratyn bellärliklidir.

Bagtygül Gurbanowanyň sportuň fuztal görnüşi boýunça toparlaýyn gazanan ýeňişleri şu günki güne çenli ýurdumyzyň hem-de gullugymyzyň sport mümkinçiliklerini äşgär edip gelýär. Onuň topara ýolbaşçylyk etmeginde (kapitan) zenanlaryň futzal boýunça milli ýygyndy topary Türkiýäniň Alaniýa şäherinde, BAE-niň Kuweýt döwletinde geçirilen ýaryşlarda hem üstünlikli çykyş etdi. Bagtygül Gurbanowanyň aýtmagyna görä, ýakyn günlerde olaryň topary Bolgariýada geçirilmegi meýilleşdirilýän ýaryşa gatnaşmaga taýýarlyk görýärler.

Biz hem serhetçi zenan türgenimizi bu üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys hem-de geljekde gullugymyzyň we ýurdumyzyň sport mümkinçiliklerini dünýä ýaýmakdaky işlerinde rowaçlyklaryň hemra bolmagyny arzuwlaýarys.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 36
  • 03.07.2019