MAKALA

Seniň ýaşyňda

Beýbars Müsüri kuwwatly döwlete öwürmek üçin suwaryş kanallaryny, gämi ussahanalaryny, harby berkitmeleri, köşkleri, kitaphanalary, metjit-medreseleri, hammamlary, seýilgähleri gurdurypdyr. Nil derýasynyň suwuny ölçemegi ýola goýupdyr. Ekerançylygy, hünärmentçiligi, söwdany, ylmy, sungaty ösdüripdir. Muhammet pygamberiň Medinedäki metjidiniň abatlanylmagyna hem-de Ierusalimde al-Aksa metjidiniň gaýtadan gurulmagyna baştutanlyk edipdir. Medinede keselhana gurdurypdyr. Onuň neşekeşlige we beýleki ýaramaz endikdir pişelere örän ýowuz darandygyny hem ýatlan ýagşy. 37-39 ýaşynda (1262 ý.) Müsüri uly gahatçylyk, gurakçylyk gurşap alanda Beýbars döwlet hazynasynyň gapylaryny giňden açyp, her gün müňlerçe raýatyny mugt nahar, içimlik suw bilen üpjün edipdir. Ýurduň daşyndan azyk getirdip, halkyny açlykdan halas edipdir. Ýetim çagalarу döwletiň hasabyna eklemegi, ähli türki gullary gul bazarlarynda azat etmegi ýola goýupdyr. Beýbars alymlaryň we ulamalaryň howandary bolupdyr. Al-Akmar we al-Azhar jamy-uniwersitetlerini gaýtadan görke getiripdir. Her bir şäherde azyndan bir metjidiň we bazaryň bolmagyny gazanypdyr, lagym ulgamyny ýola goýupdyr. Ilat üçin athanalary gurdurypdyr. Häzirki Kairdäki «az-Zahyr» mähellesi Beýbarsyň öz adyna gurduran metjidi bilen baglydyr. Beýbars Damaskda Zahyryýe medresesini hem-de Siriýadaky iň uly Zahyryýe kitaphanasyny gurdurypdyr. R.Gylyjowyň Beýbarsyň gurujylyk missiýasy hakda «Taryhçylaryň ýazmaklaryna görä, soltan Beýbarsyň döwlet dolandyryş, syýasat, harby ussatlyk baradaky aýratynlyklaryny, kämilliklerini, gazanan ýeňişlerini ýatlaman, diňe gurduran zatlaryny sanaw boýunça ýatlamak üçin hem gat-gat kitaplaryň ençemesi gerek bolardy» diýen bahasy örän adalatlydyr.

Käbir çeşmelerde «Müsürde şa bolandan, öz iliňde geda bol» diýen türkmen nakylynyň hut Beýbars tarapyndan aýdylandygy hem nygtalýar.

Moris Simaşkonyň powesti esasynda 1989-njy ýylda «Ýa:ltafilmde» we «Gazakfilmde» belli kinorežissýor Bulat Mansurow tarapyndan «Beýbars» we «Soltan Beýbars» kinodilogiýasy surata düşürildi. Bu filmde Beýbarsyň Aýni Jalut söweşindäki gahrymançylygy hem suratlandyrylýar. Belli türkmen aktýory Artyk Jallyýew şol filmde Turfanyň keşbinde oýnapdy.

(Dowamy bar)

Jumamyrat Gurbangeldiýew.

  • 71
  • 03.07.2019