MAKALA

Ilkinji sürüjisiz amfibiýa-kateri synagdan geçirildi

«Wuchang Shipbuilding Industry Group» kompaniýasy Hytaýyň gämi gurluşyk korporasiýasy daşky gurluşy garşydaşa çala bildirýän tehnologiýany ulanyp we deňiz ýörite maksatly toparlaryny garşydaşyň kenaryna düşürmek üçin dünýäde ilkinji bolan sürüjisiz kater-amfibiýasyny synagdan geçirdi. Ady Marine Lizard (deňiz hažžygy) bolan robotlaşdyrylan gämi 12 metr trimarany bolan dizel hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylyp, bu Uhanda gurlupdyr.

Bu önüm barada «Global Times» gazetinde habar berlip, The Verge-niň görkezmegine görä, sürüjisiz görünmesi kyn bolan kater-amfibiýanyň suwda tizligi 50 düwüne (92,6 km)  çenli we zynjyrlarynyň kömegi bilen gurak ýerde sagatda 20 km çenli ýetip bilýär. Deňizde sürüjisiz bu gäminiň iň ýokary hereket ediş uzaklygy 1200 km. deňdir. Ýaraglandyryjy enjamy iki pulemýot bilen, şeýle-de gämilere garşy we zenit (dik ýokary) raketalary atyjy ulgam bilen enjamlaşdyrylandyr.

«Deňiz hažžygy» başga dürli sürüjisiz ulgam toparlarynda, howa dronlary bilen bir hatarda kooperatiwleşip, şeýle hem deňiz we gury ýer harby robotlaşdyrylan ulaglary bilen hem ulanylyp bilner. Kater-amfibiýasynyň dolandyrylyşy älem gämisi tarapyndan hem bolup biler. Mundan başga-da, bu dolulygyna awtonom ýagdaýda işlemäge ukyply bolup, özbaşdak barmaly ýoluny belläp we ýerleşdirilen älem gämisiniň nawigasiýa ulgamy BeiDou-nyň kömegi bilen gury ýerdäki päsgelçilikden hem gaçmaga ukyplydyr.

Hytaýyň harby synaglarynyň netijesine görä, bu gämi artilleriýa we awiýasiýa urgularyndan soň goranýan garşydaşyň garşylyk görkezýän galan bölegini basyp ýatyrmak üçin hüjüm barlaglaryna örän amatly bolup durýar.

Marine Lizard-yň habar bermegine görä, ol kenar bölekleriniň goragyny ýaraglandyrmakda, uzak adalarda sekiz aýa çenli tabşyryga garaşyp, söweş ýagdaýyna çenli gizlin ýerleşip bilýär.

 

  • 86
  • 03.07.2019