MAKALA

Dost wepasy

Ata bu gün çagalyk arzuwynyň wysalyna gowuşdy. Harby lybasy ilkinji gezek egnine geýendigine ol öz ýanyndan örän buýsanýardy. Şatlyk, buýsanç diýlen zatlary gizläp biljek gümanyň barmy diýsene?! Atanyň ýürek joşguny daşyndan duýlup durdy. Harby lybas onuň irimçik göwresini daýawlaşdyrypdy. Keşbine-de birhili agraslyk çaýypdy. Ol özi bilen gulluga gelen töweregindäki oglanlara göz aýlady. Özündäki göze ilip duran üýtgeşiklik olarda-da gaýtalanýardy. Bugdaý reňk, entek bedeni doly berkäp ýetişmedik ýigit harby lybasda gözüňi dolduryp durdy. Şol pursat kakasynyň: «Oglum, har­by lybasy egniňe geýersiň welin, synaňy ynam gurşap alar. Bu ýagdaýy her bir esger bada-bat duýar. Egne geýlen harby lybas kalba ynamy guýýar. Harby ly­basda Watan mähri bardyr, ony aýa hem hormat goýgun! Ol Watana bolan sarpaňa kepildir» diýen sözleri Atanyň serine geldi. «Kakamyň sözleri, gör, nireleri tozadýar. Anygyna-şänigine ýetilip aýdylan jümleler» diýip, ol egnindäki lybasyna guwanyp, oňa ýene göz aýlady. Şol pursat olary otly bilen harby bölüme alyp gelen kapitan:

— Hany, gerçekler, nyzama düzüliň! Häzir şu ýerden siziň ýerleşjek ýeriňize gideris. Siz indi esger bolduňyz, siz örän bagtly oglanlarsyňyz, çünki size mähriban Watanymyzyň mukaddes serhediniň goragy ynanyldy — diýip, olary nyzam bilen alyp gitdi.

Entek aýak goşup ýöremäni bilmeseler-de, olaryň kalp joşgunlaryny, Watana bolan söýgini we onuň goragynyň ynanylandygyna bolan buýsanjy olaryň ýüz-gözlerinden hem görmek bolýardy. Şol wagt ge­len ýaş esgerleriň içinden etli-ganly daýawragy:

—Ýoldaş kapitan, biz haçan okuw türgenleşige girişeris — diýip, degişdi.

— Tüweleme, howlukma, ähli zadyň öz wagty bar. Ine, ýene sähel wagtdan siziň bilen okuw sapaklary we türgenleşikler tejribeli serkerdelerimiz tarapyndan geçirilip başlanar — diýip, orta boýly, egni harby meýdan eşikli kapitan olaryň gapdaly bilen ýöräp barşyna jogap berdi. Sanlyja günlerden bolsa harby gullugyň tälim beriş döwri başlandy.

Geçip duran günler Atany gulluk bilen ysnyşdyrýardy. Ol okuw merkezinde gulluk itleri bilen işlemegiň inçe syrlaryny kemsiz ele aldy. Ine-de gullugyny dowam etdirmek üçin serhet galasyna geldi.

Dag göwsüniň ajaýyp, gözel künjünde ýerleşen täze, döwrebap serhet gala Atanyň gözüne turuwbaşdan yssy göründi. Gulluk borçlaryny bile berjaý edýän ýigitler hem Ata ýaly ruhubelentdi. Ýurdumyzyň dost-doganlyk serhedini goraýandyklaryna olar buýsanýardylar.

— Ata, dostum, gel şu gün öýmüze hat ýazaly-la, okuw merkezini tamamlap, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bina edilen, täze, döwrebap serhet galada gulluk edýändigimizi biläýseler öýdäkiler hem begenerler — diýip, Myrat Ata habar gatdy.

— Dogrudan hem täze serhet galamyza gelenimize iki gün dagy boldy. Öýlerimize hat ýazmalydygyny gelen günümizden tabşyrylypdy ahyryn — diýip, iki dost serhet galanyň Galkynyş otagyna tarap ýöneldiler.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlan täze nusgadaky serhet galada gulluk etmek, ýaşamak üçin ähli şertler döredilendi. Galkynyş otagy bolsa esgerleriň iň söýgüli ýeridi. Bu ýerde olar ynsanperwerlik okuwlaryny geçmek bilen bir hatarda, teleýaýlymda söýgüli gepleşiklerine tomaşa ederdiler, dürli çeper-döredijilik bäsleşiklerini geçirip, göwünlerini galkyndyrardylar. Sport enjamly meýdança, kitaphana, arassa hem tämiz ýatakhana, naharhana olaryň hyzmatyndady. Bir supranyň başyna jem bolanlarynda olar agzybirligiň tapylgysyz güýçdügine magat göz ýetirerdiler. Serhet galanyň serkerdesi hem esgerlere serhet durmuşyndan söhbet açýan täsirli wakalary gürrüň bermegi halardy.

— Ýoldaş esgerler, serhet gala bir harby maşgaladyr. Maşgala nähili agzybir, berk bolsa, şonça-da gullugymyz ýeňil hem gyzykly geçer. Siz bir maşgalada önüp-ösen doganlar ýaly agzy­bir bolmalysyňyz. Serhet galamyzdaky bar bolan ýaragdyr tehnikalary aýawly saklaň, gulluk haýwanlaryna bolsa edil öz biri-biriňiz ýaly serediň, olar bilen dostlaşyň. Çünki serhet galamyzdaky atdyr it adama örän wepaly jandarlardyrlar. Olar gerek ýerinde öz eýeleri üçin janlaryny bermäge-de taýýardyrlar — diýip beren gürrüňi Atanyň hiç haçan ýadyndan çykmazdy. Onuň itdir ata bolan söýgüsini artdyrdy.

Arzuwyna ýeten Ata gulluga diýseň höwesli ýapyşýardy. Oňa Wepaly atly gulluk iti berkidilipdi. Onuň gulluk tabşyryklaryny yhlasly ýerine ýetirişinden serhet galanyň başlygynyň hem göwni hoşdy. Ata serhet tabşyrygyny berjaý etmäge gideninde elmydama öz iti bilen bile giderdi. Ata käte oňa: «Esger dostum!» diýip ýüzlenerdi.

Bir gezek şeýle waka boldy. Serhet tabşyrygy nyzama düzülip, adatdaky ýaly serhet çäginiň asudalygyna gözegçilik etmäge ugradyldy. Toparyň düzüminde Ata hem Wepaly atly iti bilen bardy. Olar ser­het tabşyrygyny berjaý edip barýardylar. Ýaz günleri bolansoň tebigat läle-reýhan bolup joşýardy. Al-elwan reňkli gül-güläleklere nazaryň düşende, kalbyňy ýakymly duýgy gaplap alýardy. Ata hem Wepaly öz ýollaryny dowam edip barýardy. Wepalynyň birden sakga aýak çekip, hyňranmagyna Ata düşünmedi.

Näme boldy dostum, ýöräber-dä — diýip ýüzlendi. Emma Wepaly hyňranmasyny goýmady. Ata bir päsgelçilik barmyka diýip, daş-töweregine garanjaklady. Göräýmäne imi-salalyk, ümsümlik ýalydy. Emma itiň iki-üç ädim öňe we yza ylgap, jawjynyp üýrmesi serhet tabşyrygyny has-da geňirgendirdi. Şol wagt olaryň iki ädim öňlerini kesip geçen ýylany görüp, olar bar zada düşündiler. Wepaly şunça duýdurmadyk bolsa olaryň ýylanyň üstünden basaýmaklary-da ähtimaldy. Emma howp sowuldy. Ýylan öz ýoly bilen, serhetçiler bolsa öz ýoly bilen gitdiler. Ata öz itiniň başyny sypap, oňa hoşallygyny bildirdi. Gulluk tabşyrygyny berjaý eden Ata bilen Wepaly serhet galasyna dolandylar. Şol gün ol Wepalynyň şu günki hereketini baryp ýatan dostlukdan nyşan diýip pikir etdi. Onuň atasy ömrüni çopançylykda geçirensoň it diýlen jandaryň gylyk-häsiýetine gaty beletdi. «Bir-iki sany wepaly itiň bolsa süriňe ynamdar sakçydyr. Ukusyna saklyg-a bularyň ganynda bar. Goraýan zadyna howp abanaýsa, eýesiniň buýrugyna garaşyp durman okdurylar. Janlaryny aýajak gümanlary ýokdur janawerleriň» diýip, atasynyň ýüreginden syzdyryp berýän gürrüňleri oýuna geldi. Ol Wepalydan hoşal bolup, süýji uka gitdi. Irden turanda-da Atanyň süňňi ýeňildi. Seleňläp oturan daglarda säher çagynda ýazyň hoştap howasyndan dem almak jana diýseň ýakymlydy. Döwrebap serhet galanyň ýokary derejedäki şertlerem Watan goragçysynyň göwnüni galkyndyryp, ruhuny belende göterýärdi. Ata hoştap howadan işdämen dem alyp, buýsanç bilen daglara nazar aýlady. Adat boýunça itiniň naharyna suwuna seretdi.

— Dostum tabşyryga gitmäge taýýarmy — diýip, oňa habar gatan wagty it göýä diýersiň «Men saňa garaşyp durun» diýýän dek, guýrugyny bulap, iki aýagyny ýatagynyň gapysyna goýup birnäçe gezek üýrdi. Ata säher bilen nobatdaky serhet tabşyrygyna buýruk alansoň Wepaly bilen ýene-de tanyş ýodalary külterläp ugradylar.

Atanyň hem Watan öňündäki gulluk borjuny tamamlamagyna indi az wagt galypdy. Gulluk ýyllary ony Wepaly bilen mazaly dostlaşdyrypdy. Ertesi gün Ata adatdaky ýaly ýene-de gulluk tabşyrygyna ugrady. Ol torç eden serhet ýodalary bilen serhet tabşyrygyny berjaý etmäge howlukýardy. Şonda ol Wepalynyň hereketlerinde serhet tabşyrygynyň gullugyny alyp barmaga uly hyjuwy duýdy. Bu ýagdaý Ata ýiti täsir etdi: «Gullugy tamamlap, öýе dolanmaly günüm hem geler. Wepaly bilenem hoşlaşmaly bolaryn. Içim-ä gysjagy hak. Harby gulluk, sen maňa kän zatlary öwretdiň! Özüm ýaly ýigitler bilen dostlaşdyrdyň. Wepala sataşdyrdyň, aň-düşünjämi, durmuşymy özgertdiň. Saňa taplanyş mekdebi diýlip, iňňän dogry aýdypdyrlar. Şu mekdebi geçen ýigidiň durmuşda mynasyp ornuny tapjakdygyna ynanýaryn» diýip, çuňňur oýa batdy.

Bu gün Ata üçin günüň dogşy üýtgeşikdi. Aýagynyň dagy ýeňil gopaýşyny. Eýse onuň nämä begenýändigi bize mälim ahyry. Bu gün ol ýene-de Wepaly bilen serhet tabşyrygyna gidýärdi. Dost-doganlyk serhedimiziň mizemezligine eserden gözegçilik edip barýan iki serhetçi islendik adamy guwandyryp biljekdi. Çünki olar dostluk serhedimizi dostluk duýgulary bilen goraýardylar.

 

Ogulgurban Gaşlakowa.

  • 101
  • 04.07.2019