MAKALA

Täze desga bagyşlanan maslahat

Ýakynda Türkmenistanyň Serhet institutynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ak pata bermeginde ýurdumyzda açylan dünýäde ilkinji tebigy gazdan awtomabil benzinini öndürýän zawodyň açylmagyna we bu zawodyň ähmiýetine bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa institutyň mugallymlary, serkerdeleri we talyplary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler zawodyň giň mümkinçilikleri we ykdysadyýetimizi ösdürmekdäki aýratynlyklary hakynda aýtdylar. Şeýle-de çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň taryhyň sahypasyny aýratyn bezeýändigini, ol işleriň diňe bir ýudumyzy däl, eýsem, dünýä ýurtlary üçin hem ähmiýetlidigini nygtadylar.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 90
  • 04.07.2019