MAKALA

Şöhratly geçmişiň ýaňy

Taryhçy Prisk 448-nji ýylda gunlaryň arasynda ilçi bolan döwründe Atillany içgin synlandygy we ol hakynda özünde galan täsirler barada ýazypdyr. Onuň ýazmagyna görä, Atilla özüniň beýleki serkerdelerinden sadalygy, ýönekeýligi, sabyr-kanagatlylygy bilen tapawutlanypdyr. Ol ýönekeý, sada egin-eşik geýipdir, ýarag-esbaplaryny altyn bilen bezemändir, dabaralarda myhmanlara, ilçilere altyn-kümüş jamlarda dürli tagamlar hödür edilende hem ol özüniň agaç okarasynda we çemçesinde nahar iýipdir. Priskiň beýan etmegine görä, Atilla gündogaryň çarwa serdarlaryndan tapawutlylykda, dabaralarda özüni Germaniýanyň orta asyr korollary ýaly alyp barypdyr.

Atillanyň 451-nji ýylda Galliýany eýelemegi we 452-nji ýylda Rim papasy bilen duşuşygy katoliki durmuş edebiýatynda uly yz galdyrypdyr. Orta asyra degişli eserlerde Atillany «Hudaýyň gazaby» diýip atlandyrypdyrlar. Olar gunlaryň serdaryna özleriniň Hudaýa wepaly gulluk etmeýändikleri üçin halkyň üstüne iberilen temmi beriji hökmünde garapdyrlar. German eposlarynda Atilla german korollaryndan tapawutlandyrylmaýar we rehimli, adalatly, myhmansöýer, jomart, sahy, şöhratly hökümdar hökmünde häsiýetlendirilýär. «Uly Edda» atly skandinaw aýdymynda we «Nibelunglar hakynda aýdym» atly german gahrymançylykly kyssa eserinde hem Atilla şonuň ýaly suratlandyrylýar. 1200-nji ýylda wenger korollygyndaky köşk mürzesi Anonimus «Gesta Hungarorum» («Wengerleriň işleri») atly eserinde madýar korollarynyň we dworýanlarynyň  gelip çykyşy barada ýazypdyr. Ol bu taryhy eserinde wenger dworýanlarynyň gahrymançylykly taryhyny Atilla bilen baglanyşdyrypdyr we ony wenger korollygynyň nesilbaşysy hasaplapdyr. Anonimusyň yzyny dowam etdiriji Şimon Kezaýy Atillanyň edebi çeper keşbini 1283-nji ýylda ýazan «Wengerleriň taryhy» atly eserinde özboluşly suratlandyrypdyr. Şonuň üçin Atillanyň ady Wengriýada häzirki wagta çenli uly meşhurlyga eýedir. Çünki gunlaryň serdary Atilla öz döwründe Rim imperiýasynyň zulumyndan horlanýan ýerli halkyýetleri öz döwletiniň golastyna alypdyr. Geçirimli, adalatly häsiýeti bilen tanalan Atilla olaryň hormatyna mynasyp bolupdyr. Häzirki wagtda Wengriýanyň paýtagty Budapeştiň gözel künjegindäki seýilgähde Atillanyň ýadygärligi ýerleşýär. Wengerler oňa öz hökümdary hem-de howandary hökmünde sarpa goýýarlar.

Şu ýerde bir zada ünsi çekmek mümkin, ýagny XIX asyrda Orta Aziýa syýahat eden Arminiý Wamberi hem gadymy gunlar bilen wenger halkynyň umumylygyna degişli maglumatlary toplamak we öwrenmek maksadyndan ugur alypdyr. Gelip çykyşy boýunça madýar (majar) bolan akademik A.Wamberi şol gadymy halk döredijilik eserleri bilen içgin tanşyp, gunlaryň, türkmenleriň we wengerleriň taryhy umumylyklaryny aýdyňlaşdyrmagy maksat edinipdir.

«Görogly» eposyndaky Hüňkaryň çeper keşbi hem iňlis dilindäki Hungari diýilýän Wengriýanyň assimilleşen görnüşi bolup, bu esere ornaşan bolmagynyň mümkindigi baradaky pikiri tassyklap, Göroglynyň çeper keşbinde Atilla bilen baglanyşykly umumylyklaryň, çeper ýordumlardaky käbir özara baglanyşyklaryň bardygyna ünsi çekmek isleýäris. Sebäbi «Görogly» eposynyň döreýşi öz gözbaşlaryny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Şonuň üçin bu umumylyklaryň taryhy kanunalaýyklykdygyny hem inkär etmek bolmaz.

Atillanyň çeper keşbi bilen baglanyşykly maglumatlar ýewropa edebiýatynyň görnükli wekili Danteniň 1321-nji ýylda ýazan «Hudawy komediýa» atly eserinde hem duş gelýär. Atilla hakynda Ýewgeniý Zamýatin «Hudaýyň melamaty» (1935 ý), Adži Murad «Ýewropa, türkler, beýik sähra» (1998 ý), Edward Hatton «Atilla, Gunlaryň serdary», Uilýam Neýpir «Atilla» (2008 ý) romanlaryny ýazypdyrlar. Umuman, gunlar we olaryň şöhratly serdary Atilla Gündogar we Günbatar halklarynyň taryhynda we edebiýatynda özboluşly orun alypdyr.

Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» atly taryhy ähmiýetli romanynda: «Biziň pederlerimiz dünýäde tanalyp başlanan ilkinji günlerinden başlap, şol döwrüň ähli ynsanlaryny bir hakykat – bu halkda jemagatyň adalatly gurlandygy haýran galdyrypdyr. Ýunanly we rimli taryhçylar türkmenleriň rehimdarlygy, wepadarlygy, dostanalygy, ogry-kezzaplary ýigrenendigi hakynda ýazýar, olaryň ata-enä sarpa goýýandygyny we aýal-gyzlarynyň edep-ekramlylygyny wasp edýär» diýip, buýsanç bilen belleýär. Bu hakykaty ýokarda mysal getirilen edebi-taryhy çeşmeler hem ýene bir ýola doly tassyklaýar.

Myrat Tuwakow,

filologiýa ylymlarynyň kandidaty.

  • 27
  • 04.07.2019