MAKALA

Babadaýhanlaryň zähmet ýeňşi

5-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde welaýatlaryň häkimleriniň hem-de oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi. Onda milli Liderimize ak bugdaýyň welaýatlar boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň doly ýerine ýetirilendigi baradaky hoş habary aýdyldy.

Azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýygnalyp alnan bugdaý hasylyny talabalaýyk saklamak, gaýtadan işlemek, gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara laýyk derejesini üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işleriň ýokary netijeliligini gazanmak wajyp bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerine, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, oba hojalygyny ösdürmek boýunça maksatnamany mundan beýläk-de üstünlikli ýerine ýetirmegiň meselelerine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde galla oragy tamamlanyp barýar. 1 million 600 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygnaldy. Munuň özi ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşantdyr.

  • 53
  • 06.07.2019