MAKALA

Žurnalyň täze sany çapdan çykdy

«Serhet abat — Döwlet abat» atly harby-watançylyk, jemgyýetçilik-syýasy we edebi-çeper žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Žurnalyň başky sahaplaryny hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň taýýarlyk we söweşjeň ukybyny duýdansyz barlamak maksady bilen, degişli düzümleri dessin söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirmek barada beren buýrugy esasynda Milli Goşunymyzyň ähli şahsy düzümlerini  gatnaşmagynda geçirilen harby-okuw türgenleşigi, şeýle-de milli Liderimiziň serhetçiler bilen duşuşyp, olara mukaddes çäkleri goramakda ýakyn syrdaşa öwrüljek alabaý güjükleriniň ýedisini sowgat bermegi bilen baglanyşykly buýsançly hem taryhy waka barada ýazylan makalalar bezeýär.

Žurnalyň indiki sahypasynda ýakyn aýlarda ýurdumyzda boljak uly syýasy çäre — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumy baradaky makala ýerleşdirilen. Beýik Ýeňşiň 74 ýyllygy, serhetçileriň harby lybaslarynyň täze görnüşi, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýazylan täsirli makalalar žurnalyň sahaplarynda öz beýanyny tapýar.

Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň mertlik, watansöýüjilik hakyndaky goşgulary ýerleşdirilen sahypalar bolsa okyjylarda uly täsir galdyrar. Ýurdumyzda giň gerime eýe bolýan sport syýasaty, geçirilýän iri sport çäreler, serhetçi türgenleriň sport üstünlikleri hakynda, Serhet institutyny tapawutlanan bahalar bilen tamamlan Batyr Nobatowyň ýürek buýsanjyny beýan edýän suratly makalalar hem žurnalyň sahypalaryny bezeýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabyna, serhetçi esgerleriň Ýaragly Güýçleriň ätiýaçlygyna ugradylyş dabarasy bilen bagly makalalar bolsa täsirliligi bilen okyjylar köpçüliginiň söýgüsine eýe bolar.

Žurnalyň aralyk bezeg sahypasynda ýerleşdirilen suratlar, esger kalbynyň joşgunyndan dörän şygyrlar, deňizçi serhetçileriň, halypa serhetçi Gurbanmämmet Annaberdiýewiň gulluk durmuşyndan durmuşyndan, şeýle-de türkmen alabaý itleriniň aýratynlyklary, serhet goragyndaky ähmiýeti dogrusynda söhbet açýan makalalalar hem žurnalyň sahypalarynda öz beýanyny tapýar. Şeýle-de žurnalda ýerleşdirilen gullugymyzyň kömekçi hojalygynda ýetişdirilýän önümler, şöhratly taryhymyz, adam häsiýetleriniň aýratynlyklary dogrusyndaky makalalar we beýleki eserler okyjylarymyzyň göwnünden turar diýip umyt edýäris.

 

«Serhet abat Döwlet abat».

  • 64
  • 06.07.2019