MAKALA

Ýeňil atletikaçylarymyzyň halkara üstünligi

Düýn türgenlerimiz Gazagystanyň Almaty şäherinde «Gusman Kosanowyň ýagty ýadygärligine» ady bilen geçirilen ýeňil atletika boýunça XXIX halkara ýaryşdan 3 medal bilen dolanyp geldiler. Gazagystandan, Azerbaýjandan, Gruziýadan, Eýrandan, Hindistandan, Kuweýtden, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan jemi 250-den gowrak türgeniň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşa milli ýygyndymyzdan 6 türgen gatnaşdy. Almatynyň Merkezi stadionynda dowam eden bäsleşikde türgenlerimiz bir altyn, bir kümüş we bir bürünç medal gazanmagy başardylar.

200 metr aralyga ylgamak boýunça ildeşlerimiz 1-nji we 3-nji orunlary eýelemegi başardylar. Erkekleriň arasynda 200 metr aralygy Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Alişer Sadullaýew ilkinji bolup geçdi. Ol munuň üçin 21,77 sekunt sarp etdi. Zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda 24,83 sekuntda pellehana ýeten Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Gurluşyk we binagärlik sport kluby» hojalyk müdirliginiň türgeni Walentina Meredowa bürünç medala mynasyp boldy.

Ýekedaban zyňmak boýunça ýurdumyzyň Ýeňil atletika federasiýasynyň türgeni Mergen Mämmedow 2-nji orna we kümüş medala eýe boldy. Mergen bu üstünlige ýekedabany 66,54 metr aralyga zyňmak arkaly ýetdi.

Ýeri gelende bellesek, bu halkara ýaryş Aziýa yklymynda iň abraýly ýeňil atletika bäsleşikleriniň biri hasaplanýar. Indi 29-njy gezek geçirilýän bu halkara ýaryş öňdäki orunlary eýelänler üçin sentýabrda Kataryň paýtagty Dohada geçiriljek Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyna, şeýle hem geljek ýyl Tokioda geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýollanma berýän iri sport çäreleriniň biridir. Ýaryşda türgenlerimiziň şowly çykyş etmegi olaryň geljekki iri ýaryşlara gatnaşmaklary üçin täze badalga bolup durýar.

  • 46
  • 08.07.2019