MAKALA

Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek başlandy

Şu gün ýurdumyzda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek başlandy.

Ministrler Kabinetiniň 5-nji iýulda bolan giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Buýruga gol çekip, 2019-njy ýylda welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine, orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklady. Şol resminama laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 8-nji iýul — 17-nji awgust aralygynda guramak hem-de giriş synaglaryny şolaryň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi.

Şeýle hem milli Liderimiz degişli döwlet toparynyň düzümini tassyklady, oňa okuwa kabul etmäge guramaçylyk — usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek hem-de onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy. Şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bu okuw mekdeplerine kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi.

Şu ýyl 12 müň 242 adam ýokary okuw mekdepleriň talyplary bolar, munuň özi geçen ýylyň degişli görkezijisinden 3 müň 392 adam köpdür. Şol sanda ýokary okuw mekdeplerinde tölegli esasda bilim almaga isleg bildirýän adamlaryň 8 müň 54-si kabul ediler.

Ýurdumyzyň hereket edýän ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleri taýýarlamagyň täze ugurlarynyň 33-si peýda boldy. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyna ilkinji gezek talyplar kabul ediler.

Halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň hünärli işgärlere bolan isleglerini nazara almak bilen, ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerinde hünärleriň sany artdyryldy. Şeýle hem okuwçylaryň saýlap aljak hünärine degişli ýörite bilimleri hem-de endikleri we başarnyklary berjek mekdeplere okuwçylary kabul etmegiň sany hem artdy. Şeýlelikde, şu ýyl Türkmenistanyň orta hünärment okuw mekdepleriniň 42-si ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň we kärhanalaryň sargytlaryna laýyklykda 9 müň 63 okuwçyny okuwa kabul ederler.

Bilim ministrliginiň garamagyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdeplerine, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyndaky lukmançylyk hünär okuw mekdeplerine, Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky hünärment okuw mekdeplerine giriş synaglary ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, 24-nji iýuldan 14-nji awgust aralygynda geçiriler. Şunda hojalyk hasaplaşygyndaky orta hünärment okuw mekdepleri resminamalary 10-njy awgusta çenli kabul eder, şolarda giriş synaglary 13 — 17-nji awgustda geçiriler.

Öňde agzalyp geçilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylaryň ünsüni olaryň öňünde durýan möhüm wezipä — ýokary okuw mekdeplerine talyplary kabul etmek çäresine çekip, onuň ýokary derejede we aç-açanlykda geçirilmelidigini ýene bir gezek ýatlatdy. Biziň ýokary okuw mekdeplerimize zehinli we zähmetsöýer ýaşlar kabul edilmelidir we okamalydyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan bu wezipelerini ýerine ýetirmegiň çäklerinde şu gün ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek boýunça möwsüm başlandy, onuň öň ýanynda ýaşlaryň arasynda giňişleýin maglumat beriş işleri geçirildi. Mysal üçin, orta mekdepleriň uçurymlary üçin ýörite telegepleşikler hem-de metbugatda habarlar arkaly ýurdumyzyň ýokary we orta ýörite okuw mekdepleri barada gürrüň berildi hem-de olarda «Açyk gapylar» günleri geçirildi.

Milli Liderimiziň durmuş ugurly syýasaty netijesinde ýurdumyzda bilimli, giň gözýetimli, ýokary derejeli hünärmenleriň sazlaşykly ösen ýaş nesli kemala gelýär, Watanymyzyň geljegi şolaryň elindedir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

  • 66
  • 09.07.2019