MAKALA

Türkmenistan — Italiýa: parlamentara gatnaşyklar pugtalandyrylýar

Şu gün Mejlisde Italiýa Respublikasynyň parlamentiniň Deputatlar palatasynyň wise-prezidenti Ettore Rozatonyň ýolbaşçylygynda iş sapary bilen türkmen paýtagtyna gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Myhmanlar Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan okgunly ösüşine has uly itergi berýän, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler bilen baglylykda, milli parlamentiň düzümi hem-de işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Halkara hukugynyň kadalaryny ornaşdyrmak boýunça Mejlisiň alyp barýan işleri bellenildi, munuň özi häzirki zamanyň ählumumy meseleleriniň çözgüdini tapmak boýunça döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň amala aşyrylmagyna ýardam berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda Ettore Rozato öz ýurdunyň dürli ugurlarda Türkmenistan bilen oňyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Taraplar türkmen-italýan gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan parlamentara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, kanunçykaryjylyk tejribesini alyşmagyň, iki döwletiň ikitaraplaýyn esasda hem, halkara guramalarynyň çäklerinde hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilmegine ýardam berýän yzygiderli duşuşyklaryň hem-de geňeşmeleriň geçirilmeginiň möhümdigi bellenildi.

* * *

Şu gün şeýle hem Italiýanyň Parlamentiniň Deputatlar palatasynyň wekiliýeti Daşary işler ministrliginde kabul edildi, bu ýerde özara bähbitlilik esasynda guralýan gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhmanlaryň şeýle hem adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Türkmenistanyň Adalatçysy bilen duşuşygy boldy. Duşuşykda myhmanlar bu ugurda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Ol işler ÝHHG, BMG we beýleki halkara düzümler, şeýle hem raýat jemgyýetiniň wekilleri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda alnyp barylýar.

Ýurdumyzda bolmagynyň çäklerinde italýan parlamentarileri türkmen paýtagtynyň iri muzeýleriniň gymmatlyklary, taryhy-medeni ýadygärlikleri we beýleki ajaýyp künjekleri bilen tanyşdylar.

  • 68
  • 09.07.2019