MAKALA

«Watan» diýip urýar, esger ýüregi

...Alyslara seredip, seniň näderejede gymmatlydygyňa göz ýetirmäge synanyşýaryn. Sen meniň başymyň täji, dilimiň senasy! Ata-babalarymyz seniň üçin gara başlaryny orta goýup, gorap gelipdirler hem-de özlerinden soňky nesillere-de mukaddes topragy gözüň göreji deýin gorap saklamalydygyny gaýta-gaýta pent edipdirler.

...Ýadyma düşýär, harby gulluga ýaňy gelen günlerimiziň biridi. Okuw-türgenleşik sapaklaryny geçýän serkerdelerimiziň biri bizi «Nyzam meýdançasy» bilen tanyşdyrdy. Şonda ol esgerlere ýüzlenip, şeýle diýdi:

— Hormatly Watan goragçylary! Bu synlaýan meýdançamyza «Nyzam meýdançasy» diýilýär. Ol her harby gullukçy üçin mukaddes hasap edilýär. Siz muny diňe bilmek bilen çäklenmän, has takygy, ony ýüregiňiz bilen duýup, kalbyňyzda götermelisiňiz!

Serkerdämiziň bu sözleri meni biygtyýar dillenmäge mejbur etdi:

— Ýoldaş kapitan, ýüzlenmäge rugsat ediň! Mende bir sowal bar. Näme üçin siziň aýdyşyňyz ýaly, «Nyzam meýdançasy» mukaddes hasap edilýär?

— Ýoldaş esger! Men bu sowaly berjegiňizi bilýärdim. Hemme zadyň öz gelip çykyşy, taryhy bar. Munuň hem many-mazmuny şunda jemlenen. Gadym döwürlerde ata-babalarymyz ýurt goragy ugrunda söweşe gitmezden ozal belli bir ýere, has takygy, nyzam meýdançasyna ýygnanyp, ondan soň söweşe ugraýan ekenler. Şol sebäpli häzirki günlerimizde hem nyzam meýdançasy mukaddes hasaplanylýar we nyzam meýdançadan geçilende, şol mertleriň hormatyna nyzamly ýörelip geçilýär.

Hakykatdan hem, mukaddes Watanyny jandan artyk söýüp, il-ulusyny keramat bilip, Watana howp abanan güni ata atlanyp, söweşe ugran gerçekleriň hakyky mertlerdigini taryhy çeşmelerden, edebi eserlerden hem bilmek bolýar.

Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen gerçegi şirin janyndan jyda boljagyny bilse-de, gylyjyny elden bermedik merdanadyr. Ol soňky demine çenli göreşse-de, topragyny, Watanyny kesekä dözmändir. Aslynda biziň Watana söýgümiz, geçmişimize buýsanjymyz, şu günümize guwanjymyz, geljegimize ynamymyz hem şol şanly taryhymyzdan gözbaş alýar. Hut şonuň üçin hem, biz — ýaş nesiller öz ýurdumyzyň şöhratly taryhyny, medeni mirasyny çuňňur bilmelidiris.

 

Akmyrat Amangeldiýew.

  • 72
  • 09.07.2019