MAKALA

Ykbalyň ajaýyp pursady

Harby kasam kabul ediliş dabarasy watansöýüjilik duýgusynyň kalbyň törüne has-da ornaşýan güni. Çünki bu gün sen «esger» bolýarsyň we «kasam» diýen düşünjäniň öz ykbalyňa çaýýan şuglasyny duýýarsyň. Bu bolsa, ynsan ömrüne gaýtalanmajak pursatlaryň biri bolup ornaýar.

Ynsanyň täleýine ýazylan ýazgydyň başlanmagy bilen ol öz töweregine birnäçe zatlary jemleýär. Tebigatda adamzadyň kemala gelmegi, ýaşamagy, öz ýoluny kesgitlemegi düşündirmesi kyn ýagdaýdyr. Ýöne onuň ählijesi bir zat bilen bagly. Ol hem ata Watandyr. Dünýe döräp bu düşünje ynsanyň ykbalyna ornan mukaddeslikleriň biri bolup örboýuna galýar. Ata Watan hakynda söz açylan ýerde watansöýüjiligiň, mertligiň, gaýduwsyzlygyň, edermenligiň buýsançly joşgunlary ýüze çykýar. Çünki adam Watanda döreýär, onuň hemişe hemdemi bolup, bir bölegine öwrülýär.

Ynsanyň juda täsirli ykbaly dürli-dürli wakalardan doly bolup durýar. Onuň dünýä inmegi bilen başlanýan başdan geçirmeler tä ömrüniň ahyryna çenli öňünden çykyp durýar. Emma şeýle bir ýagdaýlar bolýar — adamyň ykbalyna ýeke gezek miýesser edýän pursatlar. Olar göýäki geçen günleriň ähli ýakymly ýatlamalaryny özüne siňdirip, biziň aňymyzda ýaşaýşyny dowam edýär. Adatça ynsan ogly bular ýaly pursatlary hiç wagt ýatdan çykarmaýar.

Şeýle ajaýyp pursatlaryň biri-de on sekiz ýaşyňy dolduryp, Watan öňündäki mukaddes borjuňy berjaý etmäge baryp, dabaraly ýagdaýda harby kasamy kabul eden pursadyňdyr. Harby lybasly, egindeş ýoldaşlaryň bilen bir Watana, hormatly Belent Serkerdebaşymyza, il-ulusa wepaly boljakdygyň hakynda kasam etmek juda uly zat. Çünki ata-babalarymyz kasam edip, ant içip, lebzinden dänenlerden bolmandyrlar.

Häzirki wagtda dabaraly kasam kabul ediliş çäreleri baýrama ogşaýyr derejede ýokary watansöýüjilige beslenip bellenilip geçilýär. Şeýle dabaraly çäreler Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölümlerinde hem özüniň mynasyp beýanyny tapýar. Serhet goşunlarynyň şahsy düzümine çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylanlaryň durmuşynda harby kasam kabul ediliş dabarasy uly ähmiýete eýe bolýar. Sebäbi kasam kabul eden her bir harby gullukçy sözüň manysyna, esgerlik borjuna magat düşünýär.

Döwlet araçäklerimiziň asudalygyny goramagyň bagtyýar, eşretli zamanamyzyň belent ösüşlerine öz mynasyp goşandygyňdygy, ykballara berlen soňlanmaz serpaýdygy belli. Kasam kabul ediliş dabaralaryna tomaşa ediniň-de, harby lybasda deň ädim bilen nyzamly ýörişe gatnaşýan berdaşly ogullara buýsanýarsyň. Ata Watanyň goragynyň gujurly ellerdedigini görýärsiň. Ata-babalaryň batyrlyk, edermenlik, mertlik hakyndaky pentlerini ýörelge edinýän bu günki harby gullukçylar parahat ýaşaýşyň merdana goragçylary bolup orta çykýar. Bu bolsa bagtyýarlygyň kepili bolup, ykbalyň gaýtalanmajak pursatlaryna öwrülýär-de, bizi ak arzuwly geljege atarýar.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 96
  • 09.07.2019