MAKALA

Türkmen küştçileri ilkinji üçlükde

Okuwçylaryň arasynda geçirilen merkezi Aziýanyň çempionatynyň soňky günlerinde türkmen küştçileri ýedi sany medaly gazanmagy başardylar.

Aziýanyň çempiony bolmak bilen «Blis» dissiplinasyndan altyn sylaga ýurdumyzdan 13 ýaşly Läle Şöhradowa mynasyp boldy. Şeýle-de ol küşt oýunlarynyň nusgawy görnüşi boýunça «bürünç» medaly hem gazandy. Ýene-de bir sany «altyn» medaly türkmenleriň ýygyndy toparynyň gaznasyna Türkmenistanyň tälimçisi Serdar Annaberdiýewiň ýolbaşçylygynda 17 ýaşly Azat Nurmämedow goşmagy başardy.

Iki bürünç medalyň eýesi bolmagy bolsa Mary şäheriniň sport mekdebinde terbiýe alan 17 ýaşly Annagözel Mekanowanyň paýyna düşdi. 11 ýaşly Aýgül Atabaýewa we 15 ýaşly Merjen Batyrowa «blis» dissiplinasynda kümüş medallary gazandylar.

Ýaryşyň jeminde Türkmenistanyň ýygyndy topary umumy toparlaryň arasynda üçünji orna mynasyp boldy.

Türkmen küştçileri jemi 10 medal gazandylar we olaryň 5-si altyn medallardyr.

 

  • 63
  • 09.07.2019