MAKALA

Hanlar hany Baýram han

Baýram han ýuwaş-ýuwaşdan kämillige ýetip başlaýar. Ol Zahyreddin Muhammet Babyryň hyzmatynda bolýar. Beýik patyşanyň söýgüsine we hormatyna mynasyp bolýar. Baýram han 16 ýaşa ýetende Babyryň ogly Humaýunyň hyzmatyna geçýär. Çünki Babyr Baýram hanyň ata-babalary bilen gowy aragatnaşykda bolupdyr we olara uly hormat goýupdyr. Babyr özüniň ýatlamalarynda Baýram hany ogly ýaly görýändigini nygtapdyr. Baýram hanyň edermenligini, başarjaňlygyny gören Babyr patyşa 1523-nji ýylda ony ogly Humaýuna terbiýeçi we janpena belleýär. Ogly Humaýuna bolsa, Baýram hanyň aňyrsynyň türkmen beglerindendigini, onuň bilen mylakatly, hormatly bolmalydygyny tabşyrýar. Baýram han ýaş şazada tüýs ýürekden hyzmat edýär.

1523-nji ýylda Badahşanyň häkimi Babyryň ýegeni Mürze han ýogalýar. Şonuň ýerine Babyr ogly Humaýuny häkim belleýär. Humaýun bolsa öz ýany bilen Baýram hany Badahşana alyp barýar. 1523-1529-njy ýyllarda ähli meselelerde Baýram han Humaýunyň esasy maslahatçysy bolýar. Badahşan Baýram hanyň dogduk mekanydy. Onuň ähli ýerlerine beletdi. Humaýun Baýram han bilen 1528-nji ýyldan başlap Babyryň Hindistana eden ýörişlerine gatnaşyp başlapdyrlar.

Baýram hanyň durmuş beýanyny Humaýun bilen bile öwrenmeli bolýar. Çünki nirede Humaýun bolsa şol ýerde hem Baýram han bolupdyr. Humaýunyň Badahşanda häkimlik eden döwürleriniň soňky ýyllarynda, ýagny 1529-njy ýylda, şol ýerde syýasy ýagdaý üýtgäp, durnuksyzlyk başlanypdyr. Humaýun Badahşany Mürze Fakra Alynyň ygtyýaryna goýup, Babyr patyşadan rugsatsyz, paýtagt şäher Agra gelipdir we yzyna dolanmajagyny kakasyna duýdurypdyr. Bu ýagdaý Babyr patyşany ynjydypdyr. Ol Baýram hany Badahşana iberipdir.

1530-njy ýylyň tomsunda Humaýun Agrada syrkawlanda-da, Baýram han oňa ruhy daýanç bolupdyr. Ol pähim-paýhasy, ugurtapyjylygy, durnuklygy we batyrlygy bilen özüni tanadypdyr we uly ynama giripdir.

Şonuň üçin Zahyreddin Babyr ölmeziniň öň ýanynda Humaýuny mirasdar belläpdir. 1530-njy ýylda Babyr patyşa ýogalandan soň, onuň ornuna 22 ýaşly Humaýun tagta geçýär. Baýram han bolsa baş weziriň wezipesine bellenilýär. Ol şol bir wagtda goşunbaşy wezipesini hem ýerine ýetirýär. Döwleti dolandyrmakda Humaýunyň ýakyn kömekçisine öwrülýär.

Humaýun Babyr patyşanyň uly ogludy, akyllydy, parasatlydy, kakasynyň ynamyny ödäpdi. Babyryň beýleki ogullary — Kamran, Hindal, Esgeri dagylar Badahşanda, Kabulda häkimlik edýärdiler. Olaryň her haýsysy özüni mirasdüşer hasaplaýardy. Olar Humaýuny ykrar etmändirler. Humaýunyň garamagyndaky içki we daşky gapma-garşylyklar güýjäpdir. Goşunyň içinde hem agzalalyk emele gelipdir. Şeýle kyn ýagdaýda Humaýuna Baýram han halasgär bolupdyr. Ol Humaýunyň ýakyn, ynamdar adamlarynyň birine öwrülipdir. Harby ýörişlerde esasy meseleleri Baýram han çözüpdir.

Humaýun we Baýram han aýgytly herekete geçipdirler we 1531-nji ýylda wajyp Kalynjar galasyny eýeläpdirler. Bu ýeňişde görkezen gahrymançylygy Baýram hanyň abraýyny galdyrypdyr. Baýram hanyň döwrüniň taryhyny ýazan hindi taryhçylarynyň, alymlarynyň bellemegine görä, Baýram han özüne erk edip bilýän adam bolupdyr. Ol hiç wagt söweş meýdanyny taşlap gaçmandyr. Hindi taryhçysy Badony: «Baýram han parasatlylykda, geçirimlilikde, göwnaçyklykda, hoşniýetlilikde öz döwürdeşleriniň hemmesinden artykmaçdyr» diýip nygtaýar. Hindi taryhçylarynyň hemmesi diýen ýaly Baýram hanyň öňdengörüjiligini, rehimliligini, sözde tapylýanlygyny, demir ýaly berk erk-ygtyýaryny, beýik ynsan we döwlet işgäri hökmünde inkär edip bolmajakdygyny belleýärler. Baýram han Humaýunyň hökümdarlygy döwründe onuň egindeşi, kömekçisi bolupdyr.

 

Orazpolat Ekäýew,

taryh ylymlarynyň kandidaty.

  • 56
  • 09.07.2019