MAKALA

Russiýa 3D printerde taýýarlanan ilkinji tanky görkezýär

Soňky birnäçe ýyllygyň dowamynda 3D görnüşli nusga öňe uly ädim ätdi. Eýýäm bu tehnologiýa süňkleriň agyr şikeslerini çalt bejermekde, adam organlaryny dikeltmekde uly kömek berýär. Emma dolulygyna 3D printerde taýýarlanan tanka siz nähili garaýarsyňyz?

Halkara «Goşun-2019» atly bäşinji harby-tehnika forumynda «Uralwagonzawod» kompaniýasy bilen ruslar täze T-90MC kysymly tankyny dolulygyna 3D nusgasynyň kömegi bilen öndürjekdigini «Interfaks» habar berdi we forumda onuň nusgasyny sergiledi. Bu önümi işläp düzüjiler geljekde harby tehnikanyň hakyky nusgasy ýokary netijeli bolar diýip ynandyrýarlar.

T-90MC tankynyň hakyky görnüşi täze dinamiki goragyň üçünji nesli bilen enjamlaşdyrylandyr we munuň kömegi bilen ähli tarapdan goranmak ukyby bardyr. Turbodizeli ulanmagyň hasabyna bu tank çalt bat alyp bilýändir. Tankyň hereketlendirijisi we transmissiýasy (geçiş hadysasy) ýörite kompýuterleşdirilen toplumyň kömegi bilen dolandyrylýar.  

 

Internet maglumatlary esasynda terjime edilip taýýarlanyldy.

  • 33
  • 09.07.2019