MAKALA

Uzak geljegi nazarlaýan başlangyçlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletleriň arasyndaky özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ýola goýmaga, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berýär. Şunda Hazarýaka döwletleri bilen alnyp barylýan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklara möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda şu ýylyň 12-nji awgustynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumy bu ugurdan möhüm ähmiýete eýedir.

Mälim bolşy ýaly, şeýle forumyň geçirilmegi hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2014-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň IV Sammitiniň barşynda öňe sürüldi. Bu başlangyç Türkmenistan tarapyndan Hazaryň sebit hem-de sebitara geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlardaky strategiki ähmiýeti baradaky ýörelgeleýin nukdaýnazara esaslanandyr. Çünki bu sebitiň ulag-üstaşyr we logistiki merkez hökmündäki orny hazarýaka döwletleriniň tagallalarynyň mundan beýläk-de birleşdirilmeginiň zerurlygyny şertlendirýär. Bu möhüm ähmiýetli başlangyç geçen ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V Sammitinde hil taýdan täze mazmuna eýe boldy. Hazarda alnyp barylýan bäştaraplaýyn özara hereketleriň köp babatda biziň döwletlerimiziň söwda-ykdysady we ulag proseslerine gatnaşmak derejesine baglylygyny nygtamak bilen, Gahryman Arkadagymyz 2019-njy ýylda birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmeginiň Hazarýaka döwletleriniň ählisiniň bu ugurdaky tagallalaryny utgaşdyrmaga taýýarlyklarynyň subutnamasy boljakdygyna ynam bildirdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu möhüm ähmiýetli ykdysady forumy geçirmäge işjeň taýýarlyk görýär. Forumyň işine gatnaşmak üçin Hazarýaka döwletleriniň wekiliýetleri, şol sanda hökümetleriň ýolbaşçylary we agzalary, kenarýaka sebitleriniň baştutanlary we sebitleýin ýerine ýetiriji dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Hazarýaka sebitiniň we gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň bank ulgamynyň we işewürlik toparlarynyň wekilleri, ylmy işgärler, şeýle hem Hazar deňzinde ykdysady işleri durmuşa geçirýän kompaniýalaryň ýolbaşçylary çagyrylýar.

Foruma taýýarlygyň çäklerinde 2019-njy ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan halkara media-forumy geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, daşary ýurt žurnalistleri, Hazarýaka döwletleriň halkara habarlar agentlikleriniň, gazet-žurnallarynyň, teleradioýaýlymlarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Media-forumyň dowamynda «Hazar deňziniň energetika we ulag ulgamlarynyň ykdysady ösüşi», «Hazar deňziniň syýahatçylyk hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy» atly plenar mejlisler geçirildi. Oňa gatnaşyjylar 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynyň diňe bir Türkmenistan üçin däl-de, eýsem tutuş sebit üçin uly ähmiýetini hem-de bu çäräniň geçirilmeginiň Hazarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem işjeňleşdirmek prosesiniň möhüm bölegine öwrülýändigini aýratyn belläp geçdiler.

Birinji Hazar ykdysady forumynyň gün tertibi giň meseleler toplumyny öz içine alýar. Olar foruma gatnaşyjy döwletleriň özara gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşdirilmegini üpjün etmäge gönükdirilýär. Söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek, şol sanda iri halkara taslamalaryny taýýarlamak we durmuşa geçirmek üçin zerur şertleri döretmek ýaly wajyp ugurlar boýunça meseleleri gün tertibine girizmek göz öňünde tutulýar. Çünki bu forum Hazar deňziniň kenarynda amala aşyrylýan iri taslamalara daşary ýurt maýadarlaryny çekmäge giň mümkinçilikleri açýar. Şonuň ýaly-da forumyň çäklerinde esasy çäreler bilen bir hatarda halkara maslahat we innowasion tehnologiýalar boýunça sergi guralar.

Dünýäniň birnäçe ýurtlarynda forumyň tanyşdyrylyşy, brifingler yzygiderli guralýar. Olaryň barşynda bu forumy geçirmek boýunça başlangyjy öňe süren Türkmenistanyň ykdysady we daşary-söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça alyp barýan işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň edilýär.

Taýýarlyk işleriniň çäklerinde bu forumy ýokary derejede geçirmek maksady bilen ýörite konsepsiýa işlenilip düzüldi we tassyklanyldy. Şonuň ýaly-da birinji Hazar ykdysady forumy üçin ýörite resmi websaýt işlenilip düzüldi. Onuň web-sahypasy CEFAvaza2019.gov.tm resmi salgysynda ýerleşendir.

 

Seýit Haýytgulyýew,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.

  • 10
  • 11.07.2019