MAKALA

Türkmen merdanalygy — terbiýe mekdebi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň taryhy kökleri asyrlaryň jümmüşine siňip gidýär. Dünýä medeniýetinde öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetler, parasatly akyldarlar we şahyrlar türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrüldiler. Milli ösüşiň esasy wezipesi şertleriniň biri milletiň aňly-düşünjeliligidir. Bu beýik maksadyň esasy ösüp gelýän ýaş nesle Watana buýsanmaklygy, ata-babalarymyzdan galan gadymy mirasa çuňňur hormat goýmaklygy öwretmekden ybarat bolup durýar. Bu gün biz taryhyň sapaklaryna oňat düşünýäris.

Türkmeniň milli ruhy dünýäsi barada aýtsak, ata-babalarymyz geçmişde öz batyrlygy, mertligi we harby ussatlygy bilen tanalypdyr. Türkmeniň harby sungaty biziň geçmişimiziň öçmejek mirasydyr.

Harby sungatyň inçe syrlaryny öwrenen, ele alan ärler il-ýurt, halk üçin döş geren şahsyýetler hökmünde tanalypdyr.

Oguz türkmenleriniň goşunynyň esgeri söweşjeň ukyby, batyrlygy bilen şöhratlanypdyr.

Şeýle goşuna edermen, ugurtapyjy, söweşjeň, ukyply batyrlar, serkerdeler ýolbaşçylyk edipdirler. Bu barada Gündogaryň şygryýet dünýäsinde meşhurlyk gazanan Ýusup Balasagunly «Bilimnama» eserinde harby serkerdä degişli maslahatlary şeýle beýan edýär:

— Goşuna ýolbaşçylyk etmek — beýik sungatdyr. Ol sungaty doly ele almak her bir serkerdä hökmandyr — diýip belleýär. «Bilimnamada» söweşde duşmany ýeňmek üçin goşun serkerdesine mahsus bolmaly sypatlar şeýle kesgitlenýär:

Birinji: dogry söz-ýoluny açar,

Gepi iki çyksa, ynamdan gaçar.

 

Ikinjiden: jomart bolmaly serdar,

Bahyl bolsa, onuň goşuny dargar.

 

Üçünjiden: bolmaly ol dogumly,

Eger gorkak bolsa, başy ölümli.

 

Dördünjiden: başy çyksyn hileden,

Şeýle bolsa, syrtmak salar şire-de...

Söweşdäki hile duşmana al salmagyň bir täridir. Ýusup Balasagunlynyň «Bilimnama» eserinde serkerdäniň ukyby barada aýdany:

... Bu işleri bitirer ýaly gaýratly, ýaşlykdan taplanan, duşman bilen garpyşanda arslan güýjüne eýe bolan — serkerde är gerek.

— Serkerde goşuny söweşe alyp gidende, ýeňşe bolan ynamy bilen dem alyp, ol seresaplylygy elden bermeli däldir. Şonda onuň goşunyna howp abanmaz.

Özüniň garamagyndaky goşuny üçin jomart bolmaly. Söweşde tapawutlanan esgerlere don, ýarag, at sowgat bermegi unutmaly däl. Nesli üçin baýlyk toplamak — serkerdäniň adyny, şöhradyny peselder.

— Serkerdä öz hukugyny, buýruklaryny doly dikeltmek üçin mydama gylyjyna daýanmak bolmaýar. Her bir işde adalatly bolmaly. Adalatly gylyç — serkerdäniň ýanyna mert ärleri toplar.

Eserde esgerleriň söweşde özüni alyp barmagynyň dessurlary barada hem ýatlanylýar.

— Söweşden gorkan esger gapdalyndaky batyrlaryň sussuny basar. Esger batyr we çalasyn bolmaly. Özüniň söweş ganatyny — atyny goramagyň hem hötdesinden gelmeli.

— Batyrlar ölümden gorkmaly däl. Söweş meýdanynda esger oduň ýalny bolmalydyr. Söweşde özüni tanadan batyrlar uly abraýa eýedir. Ol abraýy saklamak we goramak hökmanydyr.

— Batyr bolmak her bir işde adalatly bolmakdyr, ýagşylykda ýatlanmakdyr. Eger-de, şol ärler-batyrlar söweşde wepat bolsalar-da, olar ömürlik halkyň ýadynda galar.

— Serkerdelige ýetişen batyrlar goşuny dolandyrmagyň we özüni alyp barmagyň inçe syrlaryny bilmelidir. Ol öz deňiňdäki batyrlara, söweşde egin-egne berip, söweşen ärlere-de sarpa goýmagy başarmaly.

— Serkerde goşunda esgerleriň naharyna, nan-duzuna uly hormat goýmaly. Esgerleri nan-duzdan hor etmeli däl. Munuň bolsa, serkerdäniň hökmüniň uzak saklanmagyna-da öz täsiri bardyr.

Goşuny ýaraglandyranda hem döwre laýyklykda ýaraglar bilen ýaraglandyrmagyň hötdesinden gelmeli.

Sebäbi döwletiň güýji — goşunyň ykjam ýaraglanyşyna baglydyr.

Ýusup Balasagunlynyň eserinde serkerdäniň söweşde ýeňiş gazanmagynyň we söweşi soňuna çenli doly alyp barmagynyň kada-kanunlary barada hem aýdylýar.

— Serkerde birinjiden, dogruçyl, gönümel we adalatly bolmaly. Ýalan gürrüň ýeňşe eltmez.

— Ilkinjiden, goşun üçin harajaty gysganma, eliň açyk bolsun. Sebäbi bu öňden gelýän ýörelgedir.

«Bilimnama» eserinde goşun serkerdesiniň ýörişde, söweşde we uruşda ýerine ýetirmeli düzgünleri barada hem beýan edilýär.

— Serkerde goşuny söweşe özi alyp gitmeli. Söweşe girende gabawa düşmez ýaly ätiýaçlygy elden bermeli däl. Ol öz garşydaşyny doly tanamagy başarmalydyr.

— Tejribeli serkerde on iki müňlük goşuny hem aňsatlyk bilen dolandyrmagy başarar. Ýeňjek bolsaň, goşunda erkli we jebis hatarlary döretmeli. Eger şu tälim berjaý edilse, san taýdan az goşun bilenem ýeňiş gazanyp bolar.

— Goşun dynç alýan wagty hökmany goragçylar goýulmaly. Esasan gijesine has-da esewan bolmaly. Garawulçylyga goýberilen esgerler sowuk şemaldan, ýagmyrdan ejir çekmez ýaly, olary gizlin, amatly ýerde, ýa-da ýerzemin mysaly garymlarda ýerleşdirmeli. Eger-de, şeýle edilmese, garawul esgeriň bar ünsi sowukdan, şemaldan özüni aman saklamak bolar. Duşmanyň gurnajak hilesine, amala aşyrjak çozuşyna az üns berer.

— Goşunyň söweş baýdagy ähli esgerlere görüner ýaly, beýik ýerde dikilmeli we berk gorag astynda saklanmaly. Söweş wagtynda bolsa ähli esgerlere görüner ýaly ýerde baýdak göterijini goýmaly.

Baýdak söweşde esgerleriň hem-de goşunyň ruhuny göterýär.

— Serkerde goşun düşlän wagty daş-töweregiň tebigy ýagdaýlary bilen doly tanyş bolmagy unutmaly däl. Şondan soň ähli goşuna dynç almaga rugsat bermeli. Eger-de duşmanyň aňtawçylary görünse dessine, olara berk gaýtawul bermeli, yzyna gaçmaga maý döretmeli däl.

— Duşman tarapyndan birini ýesir alyp biläýseň, ol seniň üstünligiňdir. (çünki duşmanyň sanyny we kuwwatyny bilmäge uly mümkinçiligiň bolar. Duşmanyňy doly öwreneniňden soň, çozuşa başlamalydyr.

— Söweşiň iň esasy iki sany ýaragy bardyr. Şol ýaraglar ölüm howply ýaraglardyr. Birinjisi söweş täliminiň hilesi. Söweşde harby hile uly ýitgilere getirýär. Kä halatlarda duşman bilen darkaşmanam ýeňiş gazanyp bolýar. Ikinjisi, örän ünsli we seresap bolgun. Bu iki häsiýet ýeňşe getirer. Gijeki söweşde çakgan hereket etmegi unutmaly däl. Goşuny serkerdäniň özi urşa alyp gitmeli we söweşiň tiz gutarmagynyň aladasyny etmeli. Gijeki söweşi uzaga çekseň duşman seniň goşun güýjüňi biler. Şonuň üçin duşmanyň üstüne eden gijeki söweşiň ýyldyrym çaltlygynda bolmaly.

— Söweşde okdurylyp giden esgerler gabawa düşmez ýaly, olaryň yzyny halkalaýyn gorap saklamaly. Eger-de öň hatardaky esgerler zarp bilen hereket etseler, duşmanyň hatarlaryny böwsüp bolýar.

Ýusup Balasagunlynyň bu eseri Gündogaryň harby sungatyny janly suratlandyrýar. Şu harby tälimler türkmeniň taryhy geçmişinde bolup geçen söweşlerde öz beýanyny tapýar. Taryhçylar türkmenleriň söweşde ulanan şol harby tälimleriniň täsin usullaryny kagyz ýüzüne geçiripdirler. Olaryň ilkinjileri gadymy taryhy edebiýatlarda duş gelýär. Pikirimizi jemläp aýdanymyzda, edermenlik, dogruçyllyk, ata Watana — ene topraga mukaddes garaýyşlar türkmen edebiniň nusgasy bolup durýar.

 

Orazgeldi Aşyrow.

  • 80
  • 11.07.2019