MAKALA

Türkmen türgenleri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny Ýaponiýada geçýärler

Ýaponiýanyň Tendo şäheri türkmen ýeňil atletikaçylaryny we dzýudoçylaryny okuw-türgenleşik ýygnanşygyna kabul etdi. Bu ýerde türkmenistanly türgenlere gündogar ýurdunyň tebigatyna uýgunlaşmak we Tokiýoda 2020-nji ýylda geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýada oýunlaryna ýokary derejede taýýarlyk görmek garaşýar.

On günüň dowamynda olar ýörite türkmen atletikaçylary üçin niýetlenen merkezde — Tokiýada Olimpiýa oýunlaryna taýýarlanyp, işjeň türgenleşerler. Türkmen ýygyndy topary üçin niýetlenen türgenleşik merkezini döretmek baradaky ylalaşyga Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Tendonyň meriýasynyň arasynda şu ýylyň mart aýynda gol çekilipdi.

Tokiýo-2020 Olimpiýa oýunlaryna türgenleşmek bilen bir hatarda, türkmen türgenleri türgenleşik geçýän ýerinden uzak bolmadyk ýerde ýaşamak üçin jaý, gerek bolan gowy iýmitler, derman serişdeleri we lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün ediler.

  • 54
  • 11.07.2019