MAKALA

Russiýanyň täze minomýody

Russiýanyň Goranmak ministrligi 2019-njy ýylda iň täze 82 millimetrli 2C41 «Drok» minomýot kompleksiniň döwlet barlaglaryny geçirmegi meýilleşdirýändikleri barada harby edaranyň metbugat gullugy habar berýär. Bu artileriýa enjamy bilen howa we gury ýer desantlary hüjüm ýagdaýynda ýaraglandyrylar.

«Özi ýöreýän (daşap-äkidip bolýan) minomýot «Drok», «Taýfun-ÝMB (WDW)» bron awtomobilleriniň bazasynda ýerine ýetirilen» (K-4386 «Rosomaha». – RT), ot açyş güýji boýunça seýrek häsiýetler bilen hem-de nyşana alyş uzaklygyna eýe bolar diýip, Russiýa Federasiýasynyň Goranmak ministrliginiň internet sahypasynda habar berilýär.

«Drok» minomýody adaty ok-däriler bilen ot açyşy alyp barmaga, şeýle hem uzaklygy we güýji ýokarlandyrylan täze minalar bilen ot açmaga ukyplydyr. Munuň üstesine-de «Rosomahanyň» dört adamdan ybarat bolan ekipažynda ulagdan çykman ot açyşy dolandyryp bolýar. Bu bolsa ýokary derejede toplumyň çakganlygyny we çydamlylygyny ýokarlandyrar.

Bu ýaragyň üstünlikli tarapy atyşy asma traektoriýasy (dikligine) boýunça alyp barmagyndadyr. Ot açyşy şeýle usulda alyp barmak garşydaşyň (garymlarda, blindažlarda, daglarda ýa-da binalarda) dürli inžener berkitmelerdäki ýerleşýän diri güýjüni ýok etmäge mümkinçilik berýär. Munuň ot açýan minalaryny hatda ösen häzirki zaman enjamlary bilen hem tutmak mümkin däldir.

«Drok» minomýodynyň maketi ilkinji gezek halkara «Goşun-2017» forumynda Russiýa Federasiýasynyň Goranmak ministrliginiň we Uralwagonzawodynyň esasy raketa-artilleriýa dolandyryşynyň önümleriniň arasynda sergilenip görkezildi. Nyşana alyş uzaklygy 2C41 – 100-den 6000 m aralyga çenlidir, atyş tizligi – minutda 12 gezek ot açyp bilýär we alyp bilýän ok-däri kompleksi – 40 ok bolup, toplumyň agramy bolsa (ulag bilen bilelikde) – 14 tonna barabardyr.

«Drokyň» gurluş aýratynlygy enjamyň ulagyň depesindäki distansiýa modulyna ýerleşdirilmegi hasaplanýar.

«Drokyň» dolulygyna oklandyrmak we ot açyşy alyp barmak hadysasyny awtomatlaşdyrmak konstruksiýasy birnäçe meseläni çözmäge kömek berýär. 2C41 öndürijiniň ynandyrmagyna görä, bu enjam özünden ozalkylary diňe bir çydamlylygy bilen däl, eýsem göni nyşana urup bilijiligi bilen haýrana goýýar.

Ýetmezçilik bolan ýagdaýynda nireden ot açmak zerur bolsa, şol nokada geçirmek üçin ekipaž bu enjamy söweş modulyndan çykaryp ony söküp biler. Özi hereket edýän minomýot üçin bu örän esasy häsiýet diýip, hünärmenler hasap edýär.

  • 24
  • 11.07.2019