MAKALA

Tehnologiýa dünýäsi

5G 5 ýyldan köpeler

Aragatnaşygyň 4-nji neslinden birnäçe esse ýokary tizlikdäki hyzmaty hödürleýän 5G tehnologiýasynyň öňümizdäki 5 ýylyň dowamynda ýaýbaňlanjakdygy mälim edildi. «Canalys» maslahat beriş şereketi 2023-nji ýyla çenli 5G-li telefonlaryň sanyny 4G-lilerden ozdurar. Şol wagta çenli smartfon öndürijiler 1,9 milliard 5G smartfon satarlar. Ýene 5 ýyldan 5G tehnologiýasy bolan mobil enjamlaryň paýy Hytaýda 34 göterim, Demirgazyk Amerikada 18,8 göterim, Aziýa — Ýuwaş ummany sebitinde 17,4 göterim bolar. 2020-nji ýylda Hytaýda ulanylýan smartfonlaryň 17,5 göteriminiň 5G aýratynlykly bolmagyna garaşylýar.

Batly ses çykarar

Elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň adaty ulaglardan tapawutlylykda sesi çykmaýar. Bu bolsa, ýol hereketinde pyýadalaryň ünsüni çekmeýändigi sebäpli howp döredip bilýär. Şol sebäpli şeýle ulaglarda belli bir derejede ses çykarýan enjam ýerleşdirilýär. Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynda elektrokarlaryň sesini düzgünleşdirýän täze düzgün girizildi. Hünärmenler ulaglaryň häzirki wagtdaky sesiniň ýeterlik däldigini belleýärler. Täze güýje giren kanuna görä, 2021-nji ýyla çenli elektrik energiýasy bilen işleýän ähli ulaglaryň, şol sanda mikroawtobuslaryň belli bir derejede ses çykarmagy ýola goýlar. AVAS atly ses tehnologiýasy adaty ulaglaryňky ýaly ses çykarmagy üpjün edýär. Ses ulgamy ulaglar aşa pes tizlikde hereket edenlerinde hem işlär. Pyýadalaryň girip bilmeýän şäherara ýollarynda bu sesi öçürmäge rugsat ediler. Ýangyjy az sarp edýändigi, daşky gurşawa zyýansyzdygy sebäpli elektrokarlara isleg günsaýyn ýokarlanýar.

«Galaxy Note 10» tanyşdyrylar

Mobil enjamlaryny öndürýän dünýäniň öňdebaryjy «Samsung» kompaniýasynyň «Galaxy Note 10» smartfonynyň 7-nji awgustda tanyşdyryljakdygy mälim edildi. ABŞ-nyň NýuÝork şäherindäki «Barclays Center» merkezinde geçiriljek dabarada tanyşdyryljak enjamyň bir sany galamy bolar. Täze enjamyň 19-njy awgustdan başlap satuwa çykarylar. Başlangyç bahasy 1000 dollar töweregi bolmagyna garaşylýan modeliň «Pro» hem-de adaty modeliniň bolmagyna garaşylýar. Enjamyň RAM-ynyň 12 GB we içki ýadynyň 1 TB boljakdygy aýdylýar.

Dizaýn baýragyna mynasyp boldy

Italiýanyň «Alfa Romeo» kompaniýasynyň täze modeli «Tonale» dizaýn baýragyna mynasyp boldy. Şu ýylyň mart aýynda geçirilen Ženewa awtoulag sergisinde tanyşdyrylan ulagy «Auto & Design» žurnaly baýraga mynasyp görüldi. Nusgalyk görnüşde tanyşdyrylan ulagyň gibrid görnüşiniň satuwa çykarylmagyna garaşylýar. Ulagyň diňe daşky däl, içki görnüşine hem aýratyn üns berlipdir. Ulagyň öň tarapyndan biri 12,3 dýuým, beýlekisi 10,25 dýuým ululygynda iki sany ekrany bar. «Alfa Romeo» 2022-nji ýylyň ahyryna çenli gibrid görnüşli jemi alty modeli müşderilere ýetirer. Şol ulaglaryň biri boljak «Tonale» modeline müşderileriň isleginiň ýokary bolmagyna garaşylýar.

Tebigy gaz bilen işleýär

Soňky ýyllarda ulaglaryň sarp edýän ýangyjynyň arassa bolmagy üçin aýratyn tagalla edilýär. Şol sebäpli dürli görnüşli ýangyçlar we energiýa çeşmeleri işlenip düzülýär. Golaýda Çeh Respublikasynyň «Skoda» kompaniýasy «Scala G-TEC» atly has üýtgeşik gibrid ulagyny tanyşdyrdy. Adatça, gibrid ulaglar dizel-elektrik ýa-da benzin-elektrik hereketlendirijiler bilen ýöreýän bolsa, «Skoda Scala» gysylan tebigy gaz (CNG) bilen hereket edýär. Ol gaz bilen işleýän hereketlendiriji arkaly 410 kilometr ýoly geçip bilýär. Benzin bilen işleýän hereketlendirijisiniň hem peýdalanylmagy bilen 630 kilometr ýol ýöreýär. Ulagyň ýylyň ahyrynda satuwa çykaryljakdygy mälim edildi. Gazylyp alynýan ýangyç çeşmeleriniň arasynda tebigy gaz iň arassasy hasaplanýar. Hünärmenler gaz bilen işleýän ulaglaryň howanyň hapalanmagynyň öňüni almakda täsiriniň uly boljakdygyny belleýärler.

 

Amanmyrat Baýmyradow.

  • 27
  • 15.07.2019