MAKALA

Ylym-bilim — aýdyň geljege şamçyrag

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuň parasada ýugrulan syýasaty netijesinde ylym jemgyýetçilik ösüşiniň esasy özgerdiji güýjüne öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ylmyny hil taýdan täze derejä çykarmak, ylmyň, tehnikanyň gazananlaryny giňden ulanmak, ylmy barlaglaryň we tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, olary döwletiň we jemgyýetiň durmuşynda giňden peýdalanmak hormatly Prezidentimiziň ylym ulgamynyň, alymlaryň, tutuş jemgyýetçiligiň öňünde goýýan esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Ýurdumyzda ýokary döwlet edarasy — Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bu ugurda köpugurly işleri alyp barýar. Şunda onuň garamagyndaky Tehnologiýalar merkezinde alnyp barylýan işleriň ähmiýeti örän ýokarydyr. Bu merkez ylmy barlaglary geçirmekde, bäsleşige ukyply tehnologiýalary hem-de önümçilige ornaşdyrmak üçin önümleriň nusgalaryny öwrenmekde, işläp düzmekde netijeli işleri alyp barýar. Şeýle hem bu ylym we tehnika ojagynyň kämil düşünjeli, ýokary başarnykly nesliň kemala gelmeginde eýeleýän orny has ýokarydyr.

Innowasion tehnologiýalar täze ylmy açyşlary, oýlanyp tapylan senagat nusgalaryny, önümçiligi guramagyň we dolandyrmagyň täze usullaryny hem-de senagatyň ýokary hilli hem netijeli işlemegini üpjün edýän beýleki gazanylanlary özünde jemleýär. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen innowasion tehnologiýalaryň çalt depginler bilen milli ykdysadyýetimize ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady we medeni ösüşine kuwwatly itergi berýär, amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz 5-nji iýulda geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işler, durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeler hem-de öňde durýan möhüm wezipeler dogrusynda aýratyn durup geçdi. Ýurdumyzyň bilim işgärleri öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini öwrenmek hem-de ony bilim ulgamyna ornaşdyrmak maksady bilen, daşary ýurtlarda okuw we iş saparlarynda boldular. Daşary ýurtlardan tejribeli mugallymlar we hünärmenler dürli ugurlar boýunça okuwlary geçirmek üçin ýurdumyzyň bilim edaralaryna çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, ýakyn wagtda ýurdumyzyň bilim işgärleriniň öňünde durýan möhüm çärä — ýokary okuw mekdeplerine talyplary kabul etmek wezipesine ünsi çekdi. Mekdebi tamamlan ýaşlar, gaýtadan okamazdan, telekeçilik düzümlerinde kynçylyksyz işlemelidir. Munuň üçin bolsa mekdep maksatnamalary boýunça telekeçilik işiniň ýönekeý düzgünleri, bu ugurdaky kanunlar köpräk öwredilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz bu talabyň ýokary okuw mekdeplerine hem degişlidigini aýtdy.

Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň: «Ähli ugurdaş institutlar, aýratyn-da, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ýokary derejeli dolandyryş işgärleri taýýarlanylmalydyr, bu ugurda dünýä belli beýleki ugurdaş institutlar bilen hyzmatdaşlyk edip, daşary ýurtly hünärmenler işe çekilmelidir. Şeýle hem talyplary tölegli esasda okatmak usulyna geçilmelidir» diýip, aýratyn bellemegi biziň jogapkärçiligimizi has-da artdyrdy. Mejlisde hormatly Prezidentimiz bilimi we ylmy, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek, olaryň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak baradaky meseleleriň Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýandygyna aýratyn ünsi çekdi.

Ylym we bilim ulgamynyň ähli edaralarynyň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, sanly ulgama geçilmegi, okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagy, bilim berlişiniň kämilleşdirilmegi, ýokary hilli okuw gollanmalarydyr kitaplar bilen yzygiderli üpjün edilmegi, internet arkaly dünýä maglumatlar binýadynyň we elektron kitaphanalaryň elýeterli edilmegi milli Liderimiziň ýaşlar baradaky atalyk aladasynyň möhüm ähmiýetli tarapydyr. Paýtagtymyzda halkara ýokary okuw mekdepleriniň döredilmegi, olaryň iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap binalar bilen üpjün edilmegi bu ugurdaky wezipeleriň üstünlikli çözgüdini şertlendirdi. Ýurdumyzda häzirki wagtda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halk hojalyk ulgamyna zerur bolan ýüzlerçe hünärmenleri ýetişdirýändigi aýratyn guwandyryjydyr. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, şeýle hem daşary ýurtlarda bilim alýan talyplaryň sany ýylsaýyn artýar. Häzirki wagtda Belarusyň, Hytaýyň, Malaýziýanyň, Rumyniýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Horwatiýanyň we beýleki ençeme ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerini tamamlan türkmen ýaşlarynyň ençemesi ýurdumyzyň dürli pudaklarynda döredijilikli zähmet çekýärler. Elbetde, munuň özi halk hojalyk ulgamynyň hünärmenlere bolan ýokary islegini üpjün etmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýlelikde, hünärmenleri taýýarlamagyň kämil binýadyny kemala getirmek Türkmenistanyň häzirki zaman ylym we bilim mekdebini mundan beýläk-de özgertmegiň röwşen ýolunda esasy maksat bolup durýar. Bu bolsa türkmen ýaşlarynyň öňdebaryjy dünýä tejribesine hem-de halkymyzyň baý mirasyna daýanyp, ylymly, bilimli bolmagyny, terbiýelenmegini, ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryna başarnykly erk etmeklerini üpjün edýär.

Geçen gysga döwrüň içinde hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň birnäçe daşary ýurt dillerini öwrenmekleri babatdaky tabşyrygyny üstünlikli berjaý etmek üçin ýurdumyzyň bilim ulgamynda ägirt uly işler ýola goýuldy we bu işler yzygiderli kämilleşdirilýär. Milli bilim ulgamynyň dünýäniň bilim giňişligine goşulmagy häzirki wagtda hünärmenleri taýýarlamak üçin täze ugurlary we wezipeleri kesgitledi. Häzirki zaman hünärmeniniň zähmet bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny, başarnygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem halkara derejelerine laýyk hünär kämilligini ele almak wezipesi ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda üstünlikli berjaý edilýär. Dürli ulgamlaryň hünärmenleriniň daşary ýurt dillerini bilmegi Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady we gumanitar giňişligine çalt goşulyşmagyna, uly netijeler gazanylmagyna degerli ýardam edýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesil baradaky meselä döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki wagtda ýurdumyz türkmen biliminiň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, onuň dünýäniň bilim giňişligine üstünlikli goşulyşmagyny üpjün etmek, umuman, bilimlere esaslanýan jemgyýeti esaslandyrmak babatda baý tejribe toplady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen hil taýdan täze derejä çykarylan bilim ulgamy ýurdumyzyň şöhratly geljegini üpjün etmegiň ygtybarly ýoluny kemala getirip, bilimleriň, tehnologiýalaryň, intellektual we döredijilik serişdeleriniň, gurmagyň we döretmegiň, beýik ösüşleriň işjeň dolanyşygy boýunça täze taryhy esaslandyrdy. Ýurdumyzda bilimiň ygtybarly nusgalyk hukuk binýady döredildi.

Ylym hem-de bilim ulgamynda amal edilýän beýik işleriň ählisi dünýä derejesinde täzeçe pikirlenýän, bilimli, döredijilikli zähmete ukyply we geljege uly ynamy bolan, beden hem ruhy taýdan sagdyn, ata Watanymyza wepaly nesliň kemala getirilmegini üpjün etdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan sanlyja ýylyň içinde döwletiň, sebitiň we dünýäniň umumy ösüşine itergi berýän beýik başlangyçlaryň we döredijiligiň, ylym-bilimiň kuwwatly güýjüni netijeli ugra gönükdirip, halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda beýik ösüşleri gazandy.

Döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgama geçmek, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek we eksporta iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalary bu gün uly rowaçlyklara beslenýär. Dünýä ykdysadyýetiniň ulgamynda bolup geçýän esasy ýagdaýlar we özgertmeler nazara alnyp, amala aşyrylýan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025- nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmaga, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, ylym-bilimiň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Täze gurulýan önümçilik desgalarynyň ählisiniň hem dünýäde ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary, iň öňdebaryjy kärhanalarynda öndürilen häzirki zaman kämil tehniki enjamlary bilen üpjün edilmegi milli önümçiligiň kuwwatlylygyny ýokarlandyrmaga, önümçilik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýän hünärmenleri talap edýär. Ýurdumyzyň dürli ýerlerinde gurlan iri döwrebap, täze önümçilik kärhanalary häzirki wagtda zerur bolan ýörite orta we ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün edilýär. Bu bolsa ykdysadyýetiň dürli ugurlaryny güýçlendirmäge uly ýardam edýär.

Ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek we onuň gazananlaryny ykdysadyýetimizde netijeli peýdalanmak, şeýle hem jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini artdyrmak babatda bitirilýän beýik işleriň her biri türkmenistanlylaryň guwanjyny goşalandyrýar. Ylmyň täze, has ýokary sepgitlere çykarylmagy ýurdumyzyň tehniki-ykdysady kuwwatyny has-da artdyrýar, mähriban halkymyzyň medeni derejesini we maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ylym-bilim döwleti durnukly ösdürmegiň we onuň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegini gazanmagyň ýolunda röwşen şamçyragdyr.

 

Sülgün Ataýewa,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory, ykdysady ylymlaryň kandidaty.

  • 43
  • 15.07.2019