MAKALA

Ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatynda türkmen türgenleriniň iki medaly

Tailand Patyşalygynda ýetginjekleriň arasynda grek-rim göreşi boýunça Aziýanyň çempionaty tamamlandy. Ol 9-14-nji iýul aralygynda Çonburi şäherinde geçirildi. Ýaryşa dünýäniň 14 ýurdundan 130 türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzümine 4 türgen we bir emin wekilçilik etdi.

Ýaryşyň ikinji gününde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Toýly Orazow 82 kilogram agram derejesinde çykyş edip, üçünji orny eýeledi.

Ýene bir türgenimiz Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Zyýamuhammet Saparow (97 kg.) finala barýan ýolda ilki Pakistanyň wekilinden we soňra gyrgyz türgeninden çekeleşikli göreşde üstün çykmagy başardy, emma aýgytlaýjy tutluşykda eýranly türgenden asgyn geldi. Şunlukda, ol çempionatyň kümüş medalyna mynasyp boldy.

Ýurdumyzyň türgenleriniň nobatdaky halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etmekleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport ulgamynda durmuşa geçirýän syýasatynyň öz netijelerini berýändiginiň subutnamasydyr. Watanymyzyň ýaşyl baýdagy türkmen türgenleriniň ýeňişleriniň hormatyna dünýäniň dürli ýurtlarynda barha belent pasyrdaýar.

 

  • 47
  • 15.07.2019