MAKALA

Ylmy-innowasion ösüşleriň rowaç eýýamy

12-nji iýunda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda alymlar bilen geçiren maslahatynda ylmyň döwür bilen aýakdaş gitmelidigini, onuň döwletiň kuwwatydygyny belläp, ýurdumyzda ylmy ösdürmek bilen baglanyşykly birnäçe resminamalara, şol sanda Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň maddy-tehniki binýadyny, edara-kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna 35 million manat möçberinde pul serişdelerini bölüp bermek barada Karara gol çekdi. Şeýle hoş habarlar alymlarymyzy diýseň begendirip, täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Ylym jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun tutýar. Onuň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykmagynda esasy şert bolup hyzmat edýär.

Senagatyň ählumumylaşýan döwründe çig mallary toplumlaýyn özleşdirmek we gaýtadan işlemek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmenistanyň mineral we gidromineral çig mallara baýdygyny nazarda tutsaň, onda şol bellenip geçilen ugurlaryň örän wajypdygyny we uly geljeginiň bardygyny nygtap bolar. Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryna ulgamlaýyn we tapgyrlaýyn geçmek işi daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, içerki bazary ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply harytlar bilen üpjün etmek babatda öň­de goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek bilen utgaşdyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz himiýa pudagynyň ösüşiň ägirt uly kuwwatyna eýe bolan milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly pudaklarynyň biridigini nygtaýar. Himiýa senagaty onuň uzak möhletleýin we durnukly ösüşiniň esasyny goýýan hem-de ykdysadyýetdäki düzümleýin özgertmelere oňat täsir edýän senagatyň binýatlaýyn bölegidir. Himiýa senagatyny ösdürmegiň maksatnamasy soň­ky ýyllarda ýerli çig maly doly peýdalanmaga, ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga, daşardan satyn alynýan önümleri özümizde öndürmäge, pudagyň kuwwatyny artdyrmaga, oba-senagat toplumyny durnukly ösdürmäge gönükdirilendir.

Himiýa pudagynda innowasiýalary ulanmak bilen, täze tehnologiýalaryň esasynda ýerli mineral çig mallardan bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek we olary dünýä bazaryna çykarmak meseleleri ýakyn ýyllarda türkmen alymlarynyň esasy wezipeleriniň birine öwrüler. Häzirki zaman şertlerinde islendik döwletiň ýa-da dünýä ykdysadyýetiniň üstünlikli ösüşi, ilkinji nobatda, bilim we ylym ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenilýär. Şunda jemgyýetiň intellektual kuwwatyndan netijeli peýdalanmak möhüm şert bolup durýar. Bu ugurdaky döwlet syýasaty ýurdumyzda ylmy-tehnologik ulgamdaky barlaglary hil taýdan täze derejä ýetirmäge, ylmyň gazananlarynyň önümçilige netijeli ornaşdyrylmagyna ýardam bermäge, milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmakda innowasion tehnologiýalaryň öň­debaryjy orny eýelemegini üpjün etmäge, şeýle hem bu ugurdaky netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini has-da işjeň­leşdirmäge gönükdirilendir.

Ylymlar akademiýasynyň ykdysadyýetde tutýan ornuny ýokarlandyrmak, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arabaglanyşygyny pugtalandyrmak, şeýle hem ylmy-barlag edaralarynyň alyp barýan işlerini toplumlaýyn esasda ösdürmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň amaly ylmy barlaglary alyp barýan edaralarynyň işlerini kämilleşdirmek hakynda» Karar kabul edildi. Oňa laýyklykda, Ylymlar akademiýasynyň amaly ylmy barlaglary alyp barýan edaralaryna Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşyp, kesgitlenen ylmy-barlag edaralaryna marketing usullary boýunça ylmy barlaglary amala aşyrmaga we hojalyk hasaplaşygyndan alýan girdejileriniň hasabyna öz çykdajylaryny maliýeleşdirmäge ygtyýar berildi. Bu resminama türkmen alymlaryna we ylym bilen meşgullanýan her bir raýata amaly ylmy işleri alyp barmaga, onuň netijelerini we ylmy-tehniki täzelikleri ykdysadyýete ornaşdyrmaga, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, ylmy-barlag we seljeriş işlerini geçirmäge hem-de ylmy-tehniki täzelikleri durmuşa ornaşdyrmakda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly mümkinçilikleri döredýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň düzümini kämilleşdirmek, ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, olaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak maksady bilen kabul edilen resminamanyň ägirt uly ähmiýeti bardyr. Oňa laýyklykda, Ylymlar akademiýasynyň gurluşyna düýpli özgerişlikler girizildi, ýagny birnäçe ugurdaş ylmy-barlag institutlary birikdirildi we dünýä tejribesinden ugur alnyp, birnäçe täze ylmy-barlag institutlary ýokary okuw mekdepleriniň düzüminde täzeden açyldy.

TYA-nyň Himiýa institutynda ylmy-barlag işlerini häzirki zaman şertlerine görä alyp barmak boýunça özgerişlikler girizildi. Himiýa institutynyň bölümleriniň we barlaghanalarynyň 6-syndan 5-si hojalyk hasaplaşygynda işleýär. Şu ýylyň ikinji ýarymyndan başlap, olaryň ählisi hem hojalyk hasaplaşygy şertlerinde işläp başlar. Bu institutda türkmen ylmynyň we biliminiň utgaşdyrylyp alnyp barylmagy boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikde köp işler alnyp barylýar. Institutyň binýadynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binýatlyk kafedralary, Mikroskopiýa merkezi hereket edýär. Bu ýerde talyplar bilen geçilýän okuw we amaly, tejribe sapaklarynyň ähmiýeti örän uludyr. Kafedralarda talyplar institutda alnyp barylýan işler bilen tanyşýar, tejribeli alymlardan we hünärmenlerden gerekli sapaklary alyp, tejribe toplaýar. Bu tejribeler bolsa olaryň geljekde ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegine uly goldaw berýär.

Himiýa institutynyň alymlary tarapyndan gysga döwrüň içinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça gullugyndan 9 sany ylmy oýlap tapyşa patent alyndy. «Altyn asyr» Türkmen we Sarygamyş kölleri: peýdalanmagyň gidrohimiýasy, ekologiýasy» atly monografiýa neşir edildi. Bulardan başga-da, her ýylda institutyň ylmy makalalar ýygyndysy çap edilýär. Häzirki wagta çenli jemi 6 sany ýygyndy çap edildi. Himiýa institutynda nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemegiň tehnologiýasyny kämilleşdirmek, tehnologik we innowasion çözgütler esasynda dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmek we täze ýataklardan çykýan nebiti, gazy we gaz kondensatyny düýpli gaýtadan işlemegiň fiziki-himiki esaslaryny öwrenmek, uglewodorod çig mallaryny gaýtadan işlemegiň esasynda halk hojalygyna ýaramly organiki birleşmeleri sintezlemek boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Institutda «Türkmenstandartlary» Döwlet gullugyndan ygtyýarnama alnan ugurlar boýunça dürli eýeçilikdäki kärhanalaryň we daşary ýurt kompaniýalarynyň buýurmalary esasynda himiki seljermäniň mikro we instrumental usullaryny ulanmak arkaly önümleriň hiliniň ülňüleriň kadalaryna gabat gelýändigi barlanylýar.

Himiýa institutynda ýurdumyzyň dürli pudaklaryna degişli kärhanalaryň ekologiýa meselelerini öwrenmek, howany we suwy hapalaýan zyýanly maddalaryň çäklendirilen derejesiniň kadalaşdyryjy resminamalaryny, ekologiýa pasportlaryny işläp düzmek işleri geçirilýär. Hereket edýän kärhanalaryň tehnologik reglamentleri hem-de çig mallaryň, energoresurslaryň energiýa ätiýaçlyklarynyň sarp ediş kadalary we beýleki resminamalar işlenip düzülýär.

Beýleki ugurlar bilen bir hatarda, raýatlarymyzyň ýaşaýşynyň abadan we howpsuz bolmagyny gazanmak babatda alnyp barylýan işleriň ähmiýetli orun eýeleýändigini bellemek möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, TYA-nyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynda ýola goýlan işler bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryna doly kybap gelýär. Seýsmiki hadysalaryň taýýarlyk we bolup geçiş döwründe seýsmologik zolaklarda fiziki hadysalaryň emele geliş kanunalaýyklyklaryny öwrenmek we ýertitremeleriniň orta we gysga möhletli öňünden duýduryjylaryny ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzyň seýsmoişjeň sebitlerinde geofiziki synag meýdanlarynyň gi­ňişlikde we wagt içinde gurluşyny öwrenmek boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Seýsmogeofiziki, geodinamiki, gidrodinamiki we geohimiýa maglumatlarynyň toplumlaýyn seljermesiniň esasynda deslapky seýsmiki ýagdaý der­ňelýär.

Häzirki wagtda belent binalaryň seýsmiki durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin ýöriteleşdirilen seýsmiki enjamlary we ýörite programmalary ulanmak arkaly bu binalaryň dürli gatlarynda seýsmiki seslere sinhron gözegçilikler usuly esasynda has belent binalaryň mümkin bolan rezonans yrgyldylaryny ýüze çykarmagyň usuly teklip edildi we synagdan geçirildi.

Türkmenistan üçin ilkinji gezek inžener-geologiýa gözleglerinde häzirki zaman georadiolokasiýa usuly, häzirki zaman ykjam tromograflar we awtonom seýsmiki stansiýalar arkaly mikroseýsmiki yrgyldylaryň ýazgylaryny geçirmek, adaty elektrik gözlegleri, seýsmiki barlag hem-de şäherleriň çäklerini seýsmiki mikroetraplaşdyrmak maksady bilen, guýularyň aralyklaryny «seýsmiki şöhlelendirmek» usullary arkaly geofiziki barlaglaryň toplumyny geçirmek teklip edildi. Aşgabat şäheriniň günorta we günorta-günbatar böleginde ýerleri mikroetraplaşdyrmagyň karta çyzgysyny işläp düzmäge badalga berildi. Mikroetraplaşdyrma kartasyny düzmekde täze usulyýetler we işläp taýýarlamalar ulanylýar. Seýsmiki sesleriň (mikroseýsm) komponentini bellige almagyň netijesinde «Tromino» tromograflaryny peýdalanmak bilen, Arçabil şaýolunyň çäkleriniň ugrundaky meýdançalaryň topragynyň seýsmiki häsiýetnamalary alyndy.

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň suwdan dolmagy bilen baglylykda, lokal seýsmik işjeň­liginiň ösüşine sanly seýsmiki stansiýalar bilen gözegçilik dowam edýär. Ýeriň ýokarky gatlagynyň suw bilen doýgunlygynda topragyň seýsmik häsiýetnamasynyň üýtgemegine, şeýle hem geologik gurluşyna monitoringiň maglumatlary ylmy taýdan öwrenilýär. Bu işler geljekde-de dowam etdiriler we gözegçilik edilýän stansiýalaryň sany köpeldiler. Institutda döwrebap enjamlar bilen ölçemeleriň we alnan maglumatlaryň teswirlemesiniň täze usulyýetleri, monitoringiň aýry-aýry görnüşleri boýunça täze seýsmoçaklama parametrleri işlenip düzülýär. Institut tarapyndan seýsmik düzgüniň parametrleriniň kartalaryny düzmäge ýardam berýän täze usulyýetler we kompýuter programmalary işlenip düzüldi we ornaşdyryldy. Gözegçilik edilýän elektromagnit meýdanynda ýertitremeleriň öňünden duýduryjylaryny ýüze çykarmak maksady bilen, Aşgabat seýsmik işjeň zolakda seýsmogen çaklama zolaklarynyň elektrik geçirijiliginiň monitoringi üçin ýygylyk zontlamasy usulyny ulanmak boýunça gollanma düzüldi.

Tektoniki hadysalar bilen bagly ýertitremesinden ozal ýer astynda bolup geçýän hadysalaryň sebäplerini we häsiýetini öwrenmek maksady bilen, Aşgabadyň we Balkanyň geodinamiki synag meýdanlarynda institutyň düzgünli grawimagnit gözegçilikler, geodeziki, elektromagnit we guýy gözegçilikler, toplumlaýyn geofiziki gözegçilikler we göçme seýsmiki stansiýalar gözegçilikler toparlary toplumlaýyn geofiziki işleri geçirýär.

TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň alymlary ykdysadyýetiň sanly düzümleriniň ösdürilmegine, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýän düýpli, ylmy-amaly barlaglary ýerine ýetirýärler. Tehnologiýalar merkeziniň alymlary kabul edilen degişli resminamalara laýyklykda, jemi 33 sany ylmy-barlag işleriniň üstünde işleýär. 13 sany ylmy-barlag işi tamamlanyp, olaryň jemleýji hasabatlary taýýarlanyldy we 20 sany ylmy-barlag işi häzirki wagtda dowam edýär.

Türkmenistanda kosmos tehnologiýalaryny ösdürmek maksatnamasyna laýyklykda, 2014- nji ýylda ilkinji türkmen emeli hemrasy geostasionar orbita çykaryldy. Türkmen emeli hemrasy Ýerden 36000 kilometr uzaklykda, ekwatoryň üstünde ýerleşdirildi. Geostasionar orbitadaky emeli hemra ýeriň üstüne görä hereketsiz durýar. Şonuň üçin hem hemra gönükdirilen anten hemişelik aragatnaşygy saklamaga ukyplydyr. Geostasionar emeli hemralaryň esasy aýratynlygy, Ýer şarynyň uly zonasyny hemişe görünýän çäginde saklaýanlygynda we aragatnaşyk ulgamynyň uzak aralyklara elýeterli bolmagyny üpjün edýänligindedir. Bütin dünýäde bolşy ýaly, ýurdumyzda hem gi­ňişlikdäki maglumatlara we dessin görkezilişiň hyzmatlaryna talap ösýär. Şonuň üçin Ýeriň bar bolan emeli hemralaryndan alynýan ýurdumyzyň çäginiň distansion zondirlemesiniň maglumatlaryny (DZM) halk hojalygynyň bähbitleri üçin ulanmak, ýagny olary gaýtadan işlemek tehnologiýalaryny ulanmak we olaryň netijelerinden peýdalanmak kosmosy öwrenmekde ileri tutulýar.

Geljekde kosmos tehnologiýalaryny halk hojalygynyň dürli pudaklarynda giň­den ulanmak maksady bilen, ikinji tapgyrda Türkmenistanda ýeri distansion zondirlemegiň (ÝDZ) maglumatlaryny berýän milli emeli hemrany uçurmak göz öňünde tutulýar. Bu hemra arkaly ýer ulanylyşynyň monitoringini amala aşyrmak üçin uly bolmadyk çykdajylar bilen ýygy-ýygydan suratlary almaga we dürli ölçegdäki kartalary taýýarlamak, döwlet serhedini goramak, döwlet ýer kadastryny ýöretmek, oba hojalyk ekinleriniň ekilişini monitoring etmek, biodürlüligi, suwarylyşy, öri meýdanlarynyň önümliligini bahalandyrmak, ösümlik örtüginiň häzirki ýagdaýyny öwrenmek, topragyň şorlaşmagyny we çölleşmegini anyklamak, ekologik ýagdaýlaryň monitoringini amala aşyrmak ýaly meseleleri çözmäge mümkinçilik dörär.

Türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny, müň­ýyllyklardan gözbaş alýan taryhyny, ösüşini, onuň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandyny, şeýle hem ýurdumyzyň häzirki gazananlaryny ylmy esasda öwrenmekde, köpçülikleýin wagyz etmekde we dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekde alymlarymyz geljekde-de ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman zähmet çekerler.

 

Rahmanguly Esedulaýew,

TYA-nyň Fizika-matematika, himiýa, geologiýa, tehniki ylymlar müdirliginiň başlygy, akademik kätip, TYA-nyň habarçy agzasy, tehniki ylymlaryň doktory.

  • 49
  • 17.07.2019