MAKALA

«Altyn asyr» Bolgariýadaky türgenleşikleriň çäginde Ukrainanyň topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

AFK-nyň kubogynda Interzolagyň ýarym finalyna çykyp, Türkmenistanyň çempionatynyň iki aýlawyny birinji orunda tamamlan «Altyn asyr» futbol topary 13-nji iýul, 1-nji awgust aralygynda Bolgariýa Respublikasynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Mälim bolşy ýaly, ýygnanyşygyň çäginde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesi geçiriler.

Ýakynda Ukrainanyň «Aleksandriýa» futbol topary Twitterdäki resmi hasabynda «Altyn asyr» bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirjekdigini habar berdi. Şeýlelikde, biz türkmen futbolçylarynyň Bolgariýadaky ýygnanyşykda bir garşydaşyny öwrendik. Beýleki duşuşyklar baradaky maglumatlar hem elimize gowşan dessine, olary okyjylarymyz bilen paýlaşarys.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

 

  • 50
  • 17.07.2019