MAKALA

«Altyn asyr» afk kubogynyň interzolak final duşuşygynda deňme-deň oýnady

Azi­ýa Fut­bol Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ku­bo­gy­nyň in­ter­zo­lak fi­na­ly­nyň du­şu­şyk­la­ry baş­lan­dy. Ola­ryň bar­şyn­da şu gün Aş­ga­ba­dyň “Al­tyn asyr” to­pa­ry Ko­re­ýa Halk De­mok­ra­tik Res­pub­li­ka­sy­nyň “Ap­ril 25” to­pa­ry bi­len du­şuş­dy. Oýun türk­men to­pa­ry üçin bäh­bit­li bo­lan 2:2 ha­sap bi­len ta­mam­lan­dy.

Du­şu­şyk ýe­ňil bol­ma­dy — bi­ziň to­pa­ry­myz­da ha­sa­by iki ge­zek deň­le­me­li ýag­daý bo­lup, iki­sin­de-de jo­gap pök­gi­ni ge­çir­mek bi­len, olar ýur­du­myz­da ge­çi­ril­jek du­şu­şy­gyň öň ýa­nyn­da özleri üçin oňat ýag­da­ýy üp­jün et­di­ler. Gar­şy­daş­lar bu du­şu­şy­ga ýeň­liş­siz gel­di­ler. “Al­tyn asyr” AFK-nyň Ku­bo­gy ug­run­da­ky bu ýa­ryş­da al­ty ýe­ňiş ga­zan­dy we iki ge­zek deň­me-deň oý­na­dy. KHDR-iň to­pa­ry bol­sa re­kord gör­ke­zi­ji­le­ri ga­za­nyp, äh­li oýun­la­ry­ny ut­dy, bu oý­nuň öň ýa­nyn­da­ky tap­gyr­da bol­sa Sin­ga­pu­ryň fut­bol­çy­la­ryn­dan 11:1 ha­sa­byn­da üstün geldiler.

Du­şu­şy­gyň il­kin­ji mi­nut­la­ryn­dan ýer eýe­le­ri ýag­da­ýy ele al­dy­lar. Aş­ga­bat­ly­lar, umu­man, gar­şy­da­şyň hü­jü­mi­ne höt­de gel­ýär­di­ler. Ýö­ne 15-nji mi­nut­da AFK-nyň Ku­bo­gy­nyň hä­zir­ki ýa­ry­şyn­da köp pök­gi ge­çi­ren iň oňat fut­bol­çy­ny göz­den sal­dy­lar, em­ma ko­reý fut­bol­çy­la­ry­nyň şat­ly­gy uza­ga çek­me­di. Il­deş­le­ri­miz bäş mi­nut­dan soň Wa­hid Oraz­sä­he­do­wyň ta­gal­la­sy bi­len jo­gap pök­gi­ni ge­çir­di­ler. Bi­ziň bu fut­bol­çy­myz eý­ýäm üçün­ji oýun­da pök­gi ge­çir­ýär.

Ýe­ne-de on mi­nut ge­çen­den soň bol­sa, Oman­dan bo­lan baş emin Ah­med Sa­id Al Kaf gar­şy­daş­la­ryň oýun­çy­sy­na “gy­zyl” ny­şan­ly oýun­dan çyk­ma­ga de­giş­li ýag­da­ýy gör­ke­zip, “Ap­ril 25-i” az­lyk­da goý­dy. Gö­räý­mä­ge, san taý­dan ar­tyk­maç­lyk “Al­tyn asy­ra” peý­da ge­tir­me­li, ýö­ne duý­dan­syz­lyk­da ko­reý to­pa­ry ýe­ne-de öňe saý­lan­dy.

Aş­ga­bat­ly­lar­da bir oýun­çy ar­tyk­maç­lyk­da oý­na­mak bi­len, ha­sa­by deň­le­mek üçin öň­le­rin­de du­şu­şy­gyň tu­tuş ikin­ji ýa­ry­my bar­dy. Em­ma hü­jüm­ler uzak wagt­lap üs­tün­lik ge­tir­me­di. Bir gör­seň, phen­ýan­ly­la­ryň go­rag­çy­la­ry ba­şar­nyk­ly he­re­ket ed­ýär­di, bir gör­seň, bi­ziň hü­jüm­çi­le­ri­mi­ze dürs­lük ýet­me­ýär­di. Ýö­ne er­jel gö­re­şiň ne­ti­je­sin­de oý­nuň 81-nji mi­nu­tyn­da il­de­şi­miz Se­lim Nur­my­ra­dow örän ge­rek­li we uzak ga­raş­dy­ran pök­gi­ni der­we­zä ge­çir­mek ba­şar­dy.

Ne­ti­je­li 2:2 deň­lik ha­sa­by “Ap­ril 25” to­pa­ry­nyň ýe­ňiş­le­ri­niň re­kord go­ýan tap­gy­ry­nyň ara­sy­ny böl­di, bi­ziň to­pa­ry­myz üçin bol­sa myh­man­çy­lyk­da iki pök­gi­niň der­we­zä sa­lyn­ma­gy­nyň ne­ti­je­sin­de “Al­tyn asyr” to­pa­ry­nyň ýur­du­myz­da ge­çir­me­li du­şu­şy­gyn­da Azi­ýa Fut­bol Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy — 2018-iň Ku­bo­gy­nyň fi­na­ly­na il­kin­ji ge­zek çyk­mak ug­run­da ýe­ňiş ga­zan­mak müm­kin­çi­li­gi­ni art­dyr­dy.

Şo­ňa gö­rä-de, türk­men jan­kö­ýer­le­ri 3-nji okt­ýabr­da paý­tag­ty­my­zyň “Aş­ga­bat” sta­dio­nyn­da ge­çi­ril­jek jo­gap oý­nu­na sa­byr­syz­lyk bi­len ga­ra­şar­lar.

  • 58
  • 20.09.2018