MAKALA

Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy Bolgariýada türgenleşýär

Futbol boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Bolgariýanyň Bansko şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 24-nji iýula çenli dowam eder diýip, Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Ýygyndy toparymyzyň tälimçiler düzümi türgenleşik ýygnanyşygynda oýunçylaryň 19-syny gözden geçirerler.

Kamil Mingazowyň türgenleşdirýän ýygyndy topary okuw-türgenleşiginiň dowamynda ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer.

 

***

 

Ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň düzüminde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň serhetçi zenan türgeni Bagtygül Gurbanowa hem çykyş edýär. Ýeri gelende belläp geçsek, Bagtygül ýygynda topara ýolbaşçylyk (kapitanlyk) edýär.

Bizem ýygyndy toparymyza türgenleşiklerinde we ýoldaşlyk duşuşyklarynda üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.

 

  • 63
  • 18.07.2019