MAKALA

Seniň ýaşyňda

Türkmen taryhyndaky meşhur şahslaryň biri Seýfeddin Kutuz hasaplanýar. Onuň doglan wagty hakynda anyk maglumat ýok. Ýö­ne onuň 1259-njy ýy­lyň 12-nji no­ýab­ryn­dan 1260-njy ýylyň 24-nji oktýabryna çenli Müsürde Memluk türkmenleriniň döwletine 11 aýdan sähelçe wagt gowrak soltan bolandygy welin mälim. Seýfeddin ady «gylyç» we «iman, ynanç» manylaryny aňlatsa, Kutuz onuň guduz ýaly batyrlygyny, garadangaýtmazlygyny aňladýar. Arapşynas R.Gylyjow bu barada: «Seýfeddin Kutuz hakda taryhy çeşmeler uly buýsanç we höwes bilen dür saçýar. Oňa Kutuz adynyň berilmegi hem söweşde bir özi onlarça bäsdeşe asla per bermän, ählisiniň hötdesinden geler eken. «Bu asla baş berenok, edil guduz ýaly, golaýlaşany ujyz sypdyranok» diýip at berlensoň, başarnygyna muwapyk gelýän lakam onuň adyna öwrülip gidipdir» diýip ýazýar.

Mongollara garşy Aýni-Jalut söweşiniň (03.09.1260 ý.) gahrymany Seýfeddin Kutuzyň türkmendigi taryhy çeşmelerde subut edilendir. Kutuz Jelaleddiniň uýasy Hansoltandan bolan ýegenidir. Orta asyr awtory al-Ýunusynyň sözlerine görä, Kutuz özi hakda: «Men Mamdudyň ogly Mahmyt. Men mongollary derbi-dagyn eden hem-de öz daýym Horezmşa üçin ar alan adam» diýipdir. Kutuz özüni ata-baba tarapdan Horezmşalaryň nesilşalygyndan hasaplapdyr. Ol mongollara ýesir düşüpdir, şamly bir täjire satylypdyr, ol ýerdenem Kaire memluklaryň arasyna äkidilipdir. Makrizi Kutuzyň ejesiniň Jelaleddiniň uýasydygyny, kakasynyň bolsa Jelaleddiniň ata tarapdan agasynyň ogludygyny ýazýar. Bu maglumatlar «Beýik yslam taryhy» ensiklopediýasynda hem tassyklanýar. Azerbaýjan alymy Z.M.Buniýatow «Horezmşalar-Anuşteginler döwleti» atly kitabynyň ahyrynda (M., 1986, 223 s.) getirýän Horezmşalaryň şejeresinde Müsüriň Memluk soltany Kutuzy Hansoltanyň ogly hökmünde berýär. Şu maglumatlaryň esasynda, türkmençilikde, ogul-gyzyň ýetişen badyna öýli-işikli edilýändigi üçin, Jelaleddiniň ýegeni Kutuzyň takmynan 1220-nji ýyldan soň doglandygyny çaklaýarys. Diýmek, ol Müsürdäki türkmen döwletine soltan bolanda 40 ýaşyna ýetmedik kämil çykan gerçekdi.

Muhammet Nesewiniň nygtaýşy ýaly, «ölümi bütin Älemi ýetim galdyran» Jelaleddiniň baştutansyz galyp, çar tarapa dagan nökerleriniň bir ujy Müsürden çykýar. Olar Memluk türkmenleriniň guran döwletine sygynýarlar. Aslynda, bu döwletiň düýbüniň tutulmagynyň horezmli türkmenler bilen baglydygyny aýratyn nygtamak gerek. Jelaleddiniň nökerleri mähriban soltanynyň ölüminden soňra, mongollara boýun bolmajak bolup, Kawkazdan Müsüre çenli ýol aşyp, Eýýubylaryň hyzmatyna geçipdirler. Taryhçy Ö.Gündogdyýew eýýuby hökümdary Mälik Salyhyň edermen serkerdeleriniň biri Aýbeg Türkmeniň şolaryň hatarynda Müsüre gelendigini çaklaýar. Horezmliler bolsa Mälik Salyhyň memluk goşunynyň düzüminde aýratyn batyrgaýlygy bilen tapawutlanypdyr. Mälik Salyh 1244-nji ýylda Ierusalimi eýeläp, horezmli esgerlere daýanyp, tiz wagtdanam Siriýany Müsüre birikdiripdir. Türkmen atlylarynyň goldawy astynda Eýýubylar özüniň kuwwatyny artdyrypdyr. Eýýubylaryň gowşamagyndan peýdalanyp, türkmenler Müsüriň hökümdarlygyny öz ellerine alýarlar. Şeýlelikde, 1250 — 1517-nji ýyl­lar­da 267 ýyl­lap do­wam eden döwleti döredýärler. Kutuz, ana şol döwletiň üçünji soltanydyr.

(Dowamy bar)

 

Jumamyrat Gurbangeldiýew,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty.

  • 82
  • 18.07.2019