MAKALA

Saglyk — iň gymmatly baýlyk

«Il saglygy — ýurt baýlygy» atly ganatly şygaryň astynda erkana durmuşyň eşretini görýän halkymyzyň saglygyny goramak döwletimiz tarapyndan ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber tagallalary, çäksiz başlangyçlary bilen saglygy goraýyş ulgamy barha ösdürilip, dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglyk desgalary gurulýar. Şonuň üçin ata Watanymyz bütin dünýäde «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» hökmünde tanalýar.

Hormatly Prezidentimiz: «Bitarap Watanymyzyň her bir raýatynyň asuda, abadan we bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri dӧretmek biziň esasy maksadymyzdyr» diýip nygtaýar. Şeýle asylly ýörelgelerden ugur alnan «Saglyk» Dӧwlet maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýan tutumly işler halkymyzyň saglygyny goramakda uly ähmiýete eýedir.

Her ýylyň 21-nji iýulynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi dabaraly ýagdaýda bellemek indi ýurdumyzyň asylly däbine öwrüldi. Bu ýagdaýy saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň hormatly Prezidentimiziň hut özüniň hemişe üns merkezinde durýandygy bilen düşündirmek bolar. Şonuň netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna bejerişiň täze usullary, tehnologiýalary we kämil enjamlary ornaşdyrylýar. Döwrebap ylmy-kliniki merkezler, häzirki zaman tehnikalary bilen üpjün edilen bejeriş-öňüni alyş lukmançylyk merkezleri gurulýar.

Şol bir wagtyň özünde hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy kanunçylyk binýatlary bilen ygtybarly kepillendirilýär. Soňky ýyllarda bu binýadyň üstüni «Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda», «Adatdan daşary ýagdaýlary öňünden duýdurmak we aradan aýyrmak hakynda», «Azyk önümleriniň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek hakynda», «Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki ulanmagyň netijelerinden goramak hakynda», «Farmasewtika işi we derman serişdeleri bilen üpjün etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki resminamalar ýetirdi.

Şu günler bolsa, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle durmuşa geçirilýän giň göwrümli, belent maksatly tutumly işler we dabaraly çäreler Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda hem özüniň mynasyp beýanyny tapýar. Oňa Serhetçileriň merkezi hassahanasy we şol ýerde geçirilen baýramçylyk çäreleri mysal bolup biler. Watanymyzyň mukaddes araçäklerini goraýan merdana serhetçileriň bu hassahanasy döwrüň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyp, harby gullukçylaryň jan saglygyny goramaga, ýüze çykan nähoşluklary bejermäge we öňüni almaga niýetlenendir. Bu bolsa döwletimiziň nazarlaýan belent sepgitleriniň aýdyň subutnamasy bolup örboýuna galýar.

Bu ähli mümkinçilikleri bar bolan hassahanada Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli lukmançylyk gullugymyzyň harby gullukçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly çäreler watansöýüjiligiň ýokary nusgasyny görkezdi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň durmuşa geçirýän harby özgertmeleriniň barşynda serhetçileriň saglygy üçin edilýän bimöçber tagallalary, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzlyp çykan nusgalyk goldanma kitaplary baradaky täsirli çykyşlar dabaraly çäreleriň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Milli Liderimiziň «Melhemler mekany», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» ýaly kitaplary lukmançylyk ylmynyň täze sepgitlerini özleşdirmäge ýardam edýär. Aýratyn-da, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy kitabyň täze tomunyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda taýýarlanmagy buýsandyryjy wakadyr.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň serhetçiler üçin döredýän mümkinçilikleri çäksizdir. Şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan serhetçiler ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Biz hem Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli hormatly Prezidentimizi, mähriban halkymyzy, saglyk ulgamynyň işgärlerini tüýs ýürekden gutlaýarys.

Goý, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başy dik, jany sag, ömri uzak bolsun, bagtyýar zamanamyzda ynsan saglygyny goramakda alyp barýan asylly işleri hemişe üstünliklere beslensin!

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 60
  • 18.07.2019