MAKALA

Atçylyk sporty boýunça Podmoskowýede Ýewraziýa çempionaty başlandy

Şu günler Moskwa welaýatynyň Dmitr etrabynyň Gorki Suharewskiý obasynda ýerleşýän MAXIMA PARK atçylyk toplumynda konkur boýunça Ýewraziýa çempionatynyň sebitleýin ýaryşy geçirilýär. 17-21-nji iýul aralygynda geçirilýän ýaryşa Türkmenistanyň milli ýygyndysy hem gatnaşýar.

***

Ýewraziýanyň çempionaty FEI-niň (Atçylyk sporty boýunça halkara federasiýanyň) çempionatynyň sebitleýin bölegidir. Oňa jemi 22 döwletiň wekilleri gatnaşýarlar. Olar Merkezi we Gündogar Ýewropa hem-de Aziýa wekilçilik edýärler. Ýaryşa biziň ildeşlerimizden başga-da, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Bolgariýanyň, Wengriýanyň, Gresiýanyň, Gruziýanyň, Ysraýylyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Litwanyň, Makedoniýanyň, Polşanyň, Rumyniýanyň, Russiýanyň, Slowakiýanyň, Sloweniýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Horwatiýanyň, Çehiýanyň we Estoniýanyň wekilleri gatnaşýarlar.

  • 20
  • 20.07.2019