MAKALA

Ynsan saglygy hakyndaky aladalar

«Sagdyn durmuş ynsan bezegidir, bahasyz gymmatlykdyr» diýýän hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen ýurdumyzda ençeme täze sagaldyş merkezleri, hassahanalar, şypahanalar, ylmy-kliniki merkezleri gurlup ulanmaga berilýär. Şeýle hassahanalaryň biri-de, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ak patasy bilen 2011-nji ýylda açylan Serhetçileriň merkezi hassahanasydyr. Hassahanada «Kabul ediş», «Barlamhana», «Aşgazan we böwrek keselleri», «Şöhle anyklaýyş», «Kardiologiýa» we beýleki bölümler hereket edýär. Hassahanada zähmet çekýän lukmanlara dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap enjamlar bilen işlemäge ähli şertler bar. Şol şertlerden ýerlikli peýdalanýan lukmanlarymyz harby gullukçylara ýokary derejede lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrýarlar. Bulardan başga-da, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ak patasy bilen açylyp ulanmaga berilýän serhet birikmelerde, serhet galalarda hem lukmançylyk ýerleriniň bolmagyny aýratyn bellemelidiris. Ol ýerlerde-de serhetçilere lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga ähli mümkinçilikler döredilendir.

Her ýylyň 21-nji iýulynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni ýurdumyzda ýokary derejede bellenilip geçilýär. Bu baýramyň bellenmegi ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine berilýän ünsüň has ýokarydygyny görkezýär. Mundan başga-da, ýurdumyzda kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde köp işler durmuşa geçirilýär.

Saglygy goraýyş ulgamynda uly özgertmeleri durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzda «Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda», «Melhemçilik we derman üpjünçiligi hakynda» we beýleki kanunlar kabul edilendigini hem aýratyn bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz aladalarynyň netijesinde saglyk ulgamynyň işgärlerine daşary ýurtly professorlar, tejribeli lukmanlar bilen pikir alşyp, tejribe toplamaga mümkinçilikler döredilýär. Şeýle-de Türkmenistan döwletimiz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň düzümine girýän abraýly halkara guramalar bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynda-da köp işler boýunça hyzmatdaşlyk saklaýar. Bularyň ählisi bolsa ýurdumyzyň saglyk ulgamyny ösdürmekde edilýän aladalaryň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomluk kitaby lukmanlarymyz üçin uly gollanmadyr. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaplarynyň diňe bir türkmen dilinde däl, daşary ýurt dillerinde hem terjime edilmegi ähli halklaryň saglygy üçin edilýän işleriň aýdyň dabaralanmasydyr. «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň ilkinji tomunda hormatly Prezidentimiz irki döwürlerden bäri ýüz derdiň dermany hasaplanýan üzärlik hakynda, onuň adama şypa beriş aýratynlyklary hakynda belläp geçýär. Üzärlik halk lukmançylygynda «ýüzlerçe keseli» bejermek üçin köp ulanylýan dermanlyk ösümlikleriň biridir. Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiziň «Melhemler mekany», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar» atly dürdäne eserlerinde ynsanyň saglygyny goramak we berkitmek bilen bagly çäksiz maglumatlar bar.

Ýurdumyzda adam saglygyny ilkinji nobatda goýýan hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň galamynyň ýiti bolmagyny, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.  

 

Selbi Aşirowa.

  • 92
  • 21.07.2019