MAKALA

Ýürekde ýaňlanýar Watanyň ady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri Watanymyzyň binýadyny berkidýän düýpli tutumly işleriň badalga alýan täze eýýamydyr. Ata Watanymyzyň gülläp ösüşlerine ýurduň her bir raýaty halal zähmetini, çyn söýgüsini siňdirýär. Olary näçe köp bagyşladygyça, adam mähriban Diýaryň gymmatyna çuňňur göz ýetirýär. Dogduk Watanyň bagtyýarlyk mekanydygyna düşünýär. Çünki biz, şu Watanyň duzuny iýip ösdük, ulaldyk, kemala geldik. Şonuň üçin Watana ak ýürekden hyzmat etmek, mukaddes borjumyza öwrülýär. Ömrümize şugla saçýan bagt atly gymmatlygy hem Watan goýnunda tapýarys. Bu Watanyň adama ýapýan bahasyz serpaýydyr. Ol bagty biz halal zahmetimiziň eçilýän hözürinde duýýarys. Watan hakynda pikir ýöretdigiňçe, kalbyň giňäp, duýgudyr pikirleriň has nurlanýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Mertler Watany beýgeldýär, Watan bolsa mertleri beýgeldýär» diýen sözlerini ýürekden ykrar edýärsiň. Bu parasatly jümle Watany beýgeldip, beýgelip bolýandygyna subutnamadyr. Watanyň abraý-mertebesini bolsa halal zähmet bilen beýgeldip bolýar. Ýurt Baştutanymyzyň watansöyüjiligi, il-ýurt bähbitli amala aşyrýan işleri halkymyza nusgalyk göreldedir. Ýurt bähbidine, halk eşretine gönükdirilen işler kalbyňy joşdurýar. Watan goý­nunda bagtly ömür sürýän gojalar, eneler, toý-baýramlaryň bezegi bolup, milliligimiziň nusgasyny dünýä ýaýýan nurana gelin-gyzlarymyz, watansöýüjiligiň mekdebi bolan pälwansypat ýigitlerimiz, geljegimiziň dowamaty, guwanjymyz bolan ýaş nesiller Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarlar.

Watanym! Ir säherler oýanyp, arassa howadan dem alyp, asuda asmany, barlygyň gözelliklerini synlan pursatyň seniň adyň ýüreklerde joşgunly ýaňlanýar. Her pasylda özboluşly lybasa beslenýän tebigat, daşymyzyň galasy bolan beýik daglar, ýaşaýşymyzyň gözbaşy bolan tereň derýalar ýüreklerde buýsanç mukamyny çalýar. Goýnunda ýaşap geçen ata-babalarymyzyň yhlasy siňeni üçin, sen mähribansyň, eziz Watan! Saňa wepaly hyzmat bilen at-abraýyň, şan-şöhratyň artmagyna saldamly goşant goşmak ykbalyň eçilen bagtyndan nyşandyr.

Sen iň belent mukaddeslik derejesinde eý görülýän öý-ojagymyzsyň, serhetlerimiz bolsa seniň başlanýan gözbaş çägiňdir, bosagaňdyr. Hut şonuň üçin-de «Watan serhetden başlanýar» diýlen düşünjäni wagyz eden dana kişi müň keren mamla. Seniň serhetleriňde durup, saňa gulluk etmek ynsan kalbyny buýsanja atarýan beýik jogapkärli borçdur, mukaddes Watanym!

Mähriban Watanym! Sen bizi säher buşlukçylary bolan guşlaryň sazy, sabada öwüsýän mymyk şemalyň owazy bilen oýarýarsyň. Agşamlaryna asuda, parahat gijeleriň, biri-birine gülüp bakýan ýyldyzlaryň, nurana aýyň owadanlygy bilen hüwdülap, uka batyrýarsyň, toý-baýramyň ojagy, ata Watanym! Sendäki şeýle süýji durmuşyň goragçysy bolup, serhedinde sak duran esgeriň kalbynyň töründen gaýdýan ata Watana, ene topraga, Gahryman Arkadagymyza bolan çäksiz söýgisi Watan perzendine egsilmez güýji, synmaz ruhy peşgeş berýär.

Bagtyýar hem asuda dowamatyň dowam bolsun, eziz Watanym!

 

Gülnabat Akyýewa,

medeniýet işgäri.

  • 30
  • 21.07.2019