MAKALA

Türkmen karateçileri Türkiýede geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

Türkmenistanly karateçiler şu ýylyň 23–25-nji awgusty aralygynda Rize şäherinde Garadeňiz we Hazar deňzi sebitlerinde ýaşaýan döwletleriň arasynda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, halkara ýaryş çagalaryň, ýetginjekleriň, ýaşlaryň, ulularyň we weteranlaryň arasynda aýry-aýrylykda geçiriler.

Ýaryşda çagalaryň toparlaýyn we şahsy kata, ulularyň bolsa toparlaýyn we şahsy kumita usullary boýunça ýaryşmagyna garaşylýar. Halkara ýaryşa biziň ildeşlerimizden başga-da, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Bolgariýanyň, Rumyniýanyň, Russiýanyň, Ukrainanyň, Gruziýanyň, Ermenistanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşar.

  • 48
  • 21.07.2019