MAKALA

«Celera 500L»

Amerikan şereketi Otto Aviation tarapyndan ýasalan uçar «Celera 500L» özüniň ilkinji uçuşyna taýýar.

Ýakynda bu uçaryň synag uçurylyşy geçirilip, Günorta Kaliforniýanyň aeraportuna gonduryldy. Şu wagta çenli täze döredilen uçar baradaky maglumat ýaýradylmasyz edilip, ony ýasan Otto Aviation Group taslamasy hem on ýyl töweregi gizlin işlendi.

Maglumatlara görä, uçar ýeke uçarman bilen dolandyrylýar we islendik hereket edýän aeradroma çenli uçup bilýändigi aýdylýar.

Uçaryň uçuş tizligi sagatda 460-510 mile deň bolup, onuň ýokary galyp bilijiligi 65 000 futa (19,8 km) deňdir. Ýangyjy sarp edijiligi 30-42 mil aralyga 3,8 litr gallona deňdir.  Pilatus PC-12 bilen deňeşdireniňde, ýeňil, ýekehereketlendirijili trubowintli tanymal uçaryň ýokary galyp bilijiligi 30 000 futa, kreýser tizligi tas sagatda 330 mile barabar bolup, ortaça bu ýol üçin 5 gallon ýangyç ýakýar. Netije-de, Celera 500L-iň öndürijiligi beýleki deň mümkinçilikleri bolan ýeňil biznes-džetlerden 10 esse ýokarydyr.

 

Internet maglumatlary esasynda terjime edilip taýýarlanyldy.

  • 77
  • 21.07.2019