MAKALA

«Saglyk — 2019» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty

Şu günler ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Muňa gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen «Saglyk — 2019» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty hem aýdyň subutnama bolup durýar.

Köp sanly daşary ýurtly wekilleriň gatnaşmaklarynda paýtagtymyzda geçirilen «Saglyk — 2019» atly ylmy maslahatda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň saglyk ulgamynda ýeten derejeleri, ynsan saglygyny goramakda Ýer ýüzünde geçirilýän işler we beýlekiler barada täsirli çykyşlar diňlenildi.  

«Saglyk — 2019» atly halkara sergide bolsa saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda gazanylan täze üstünlikler, öňdebaryjy dünýä tejribeleri we döwrebap enjamlar sergilenip, ylmyň täze gazanan önümleri bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Çäreleriň barşynda oňa gatnaşyjylar Diýarymyzda saglyk ulgamynda ýetilýän sepgitleriň ýokarydygyny nygtadylar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen geçirilýän bu çäreler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň saglyk ulgamyndaky gazananlaryny ýene bir ýola dabaralandyrdy.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».  

  • 20
  • 21.07.2019