MAKALA

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim, ylym barada aýdanlaryndan

Biziň döwletimizde bilimiň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga aýratyn äh­mi­ýet be­ril­me­gi — maýa goýumlarynyň geljegi has uly görnüşleriniň biri bolan bilim ulgamyna gönükdirilmegi ýurdumyzyň geljegine goýulýan maýa serişdeleridir, halkymyzyň iň gymmatly strategik serişde­le­ri­niň — onuň in­tel­lektiniň üstüniň ýetirilmeginiň kepilidir.

* * *

Garaşsyz türkmen döwletiniň mundan beýläkki ösüşiniň maglumatlara esaslan­ýan tä­ze — mag­lu­mat jemgyýetini döretmek her bir adamdan döredijilik ukyplaryny talap edýän ýokary tehnologiýalara we kämil bilime esaslanýandyr.

* * *

Ýaşlarymyzyň üznüksiz bilim almaga, iş bilen meşgullanmaga örän uly gyzyklanma bildirýändikleri häzirki zaman jemgyýetinde akyl zähmetiniň ornunyň barha ýokarlanýandygynyň durmuş hakykatydyr.

* * *

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen täze okuw mekdepleriniň gurulmagy, bilim ulgamynda halkara gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegi, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň dünýä tejribesiniň öwrenilmegi döwletimiziň ylym-bilim ulgamyny düýpli ösdürmäge aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

* * *

Mugallymçylyk käriniň at-abraýyny we mertebesini hemişe belende götermek, şol bir wagtda-da, mugallymlarda öz hünär ussatlygyny we bilim derejesini ýokarlandyrmaga bolan uly islegi we höwesi döretmek biziň borjumyzdyr.

* * *

Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler mugallymçylyk işinde öňdebaryjy dünýä tejribesini, ruhy gymmatlyklary we milli däp-dessurlarymyzy, türkmen halkynyň örän baý taryhy we medeni mirasyny nazara almak bilen amala aşyrylmalydyr.

* * *

Umumybilim berýän, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde döwrüň talaplaryna laýyk gelýän okuw dersleriniň okadylmagy, okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň giňden ornaşdyrylmagy gazanylmalydyr, talyplara häzirki zaman hünär endikleriniň öwredilmegi, ökde, ukyply, ussat hünärmenleriň taýýarlanylmagy ýola goýulmalydyr.

* * *

Meniň gyzyklanmalarym ylmy barlaglar, edebi döredijilik, sport bilen meşgullanmak, kitap okamak bilen baglanyşyklydyr.

  • 82
  • 23.07.2019