MAKALA

Serhetçileriň çagalary dynç alyş möwsüminiň III tapgyrynda

Tomus paslynyň gelmegi bilen Gökderäniň gujagy dynç almaga gelýän çagalar üçin giňden açyldy. Bu ýerdäki döwrebap dynç alyş we sagaldyş merkezleriň möwsümleýin hereket etmegi, çagalaryň tomusky dynç alyşyny ýerlikli geçirmeklerine uly ýardam berip, olarda bagtyýar zamanamyza bolan buýsanç duýgusyny goşalandyrdy.

Ýakynda bu ýerdäki dynç alyş we sagaldyş merkezleri özüniň nobatdaky III möwsüminiň işine başladylar. Bu möwsümde ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlarymyzyň çagalary dynç alyş we sagaldyş merkezlerine geldiler.  

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylarynyň çagalary hem «Altyn ýyldyz» dynç alyş we sagaldyş merkeziniň gujagyna doldular. Bu ýerde dynç alyş möwsüminiň III tapgyrynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi.

Döwrebap dynç alyş we sagaldyş merkezinde çagalaryň oňat dynç almagy, sport, döredijilik işleri bilen meşgullanmagy, kitap okamagy we wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulyp, ösüp gelýän ýaşlary kämillige itermekde uly öňegidişlikler gazanylýar. Harby gullukçylaryň çagalary üçin döredilýän bu mümkinçilikler hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň durmuşa geçirýän harby özgertmelerinden öz gözbaşyny alýar. Şeýle döredilýän giň mümkinçilikler üçin harby gullukçylarymyzyň maşgala agzalarynyň hormatly Belent Serkerdebaşymyza bolan alkyşlary dillere sena bolup çarpaýa galýar.  

Gökderäniň dynç alyş we sagaldyş merkezlerindäki geçirilýän çagalar üçin dynç alyş möwsümi awgust aýynyň soňuna çenli dowam eder we olaryň tomusky okuw rugsadynyň iň arzyly günlerine öwrüler. Bu bolsa ýurdumyzda ýaş nesiller üçin edilýän aladalaryň esasy orunda durýandygyny ýene bir ýola subut edýär.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 89
  • 23.07.2019