MAKALA

Ylym — eziz Diýaryň kuwwaty

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan kuwwatyny artdyrmakda, ösdürmekde kabul edilýän uzakmöhletleýin Döwlet maksatnamalarynda binýady berkden tutulan ylmyň, bilimiň mümkinçiliklerine daýanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda bolup, ýörite iş maslahatyny geçirdi. Şol maslahatda milli Liderimiz örän oýlanyşykly işlenip düzülen ylmy-tehniki syýasata laýyklykda, ýurdumyzda ylmyň, bilimiň, ylmy-tehniki ösüşini çaltlandyrmak hem-de ösdürmek, döwletimiziň uzak geljegini nazarlaýan özgertmeleri durmuşa geçirmegiň ylmy esaslary hakynda durup geçdi we birnäçe Kararlara gol çekdi. Ýurt Baştutanymyz: «Biz ykdysadyýetimiziň aýrylmaz bölegi hökmünde bilim ulgamynyň gurluşyny hem-de dolandyrylyşyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga we kämilleşdirmäge, netijeliligini ýokarlandyrmaga, maddy-enjamlaýyn hem-de hukuk binýadyny berkitmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berýäris» diýip nygtady we ýokary okuw mekdepleri bilen ylmy-barlag institutlaryň işlerini utgaşykly alyp barmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Talyp ýaşlara ylmy iş etmäge, özleriniň talyplyk ýyllaryndan başlap girişmäge, dilleri suwara öwrenmäge we dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan baş alyp çykmaga täze mümkinçilikler döreýär. Şeýle netijeli işleriň dowamynda ylmyň we bilimiň özara baglanyşygy has-da berkäp, alymlaryň we talyplaryň ylmy-döredijilik işleri, tejribe işleri özüniň oňyn netijelerini berer. Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň agzalaryna, alymlara, professor mugallymlara ýüzlenip: «Ýaş alymlaryň ylmy açyşlary, innowasion tejribeleri, ylmy-inženerçilik pikirleri, senagat-innowasion, maglumat-tehnologik ylmy-barlaglary döwletimiziň kuwwatyny pugtalandyrmakda aýratyn hem ykdysadyýetimiziň esasy düzümlerini ösdürmekde örän möhüm hasap edilýär. Orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hem-de ylmy döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarymyz hakynda alada döwletimiziň aýratyn üns berýän ugurlarynyň biridir» diýip belledi.

Häzirki ýaş nesliň täze tehnologiýalardan başarnykly baş alyp çykmaklary üçin ilki bilen özleriniň kämil bolmagynyň zerurdygy islendik babatda açyk duýulýar. Munuň üçin ýaşlara dilleri çuňdan öwrenmek, bilmek, kompýuter hünärlerinden baş alyp çykmak ilkinji zerurlyklaryň biri bolup durýar. Diýmek, innowasiýa işleri, innowasiýa önümçiligi işgärden hünär taýýarlygyny talap edýär. Her bir ugurda ornaşdyrylýan enjamlar, şol enjamlary durmuşa ornaşdyrmak we onuň netijesini gazanmak üçin, ýagny täzeçilligi öwretmek we durmuşa ornaşdyrmak üçin aýratyn ukyp-başarnyk talap edilýär. Hatda häzirki ösen tehnologiýalar zamanynda, täze tehnologiýalaryň mekdeplerden, çagalar baglaryndan başlanmagy diňe bir talypdan däl, her bir mugallymdan, hünärmenden ukyp-başarnygy talap edýär. Okatmagyň innowasiýa usullary bolan multimedia tehnologiýalary, interaktiw tagtalar, başlangyç synpdan berilýän kompýuterler ir döwürde däp bolan görkezme esbaplaryň ornuny täzeledi. Okuw okatmak serişdeleriniň kämilleşdirilmegi netijesinde-de, okatmagyň hem usulyýeti düýpgöter üýtgedi. Okuwça bilim bermegiň, dersleri kämilleşdirmegiň ösen tehnologiýalar bilen amala aşyrylmagy, okuwçylaryň okuwa höwesini artdyrmak bilen bir hatarda, mugallymyň hem mümkinçiliklerini artdyrýar we sarp edilýän wagty tygşytlaýar. Ýörite dil öwredýän merkezleriň açylmagy, kompýuter sapaklarynyň kämil öwredýän merkezleriň bolmagy her bir adamyň, mugallymyň, talybyň, alymyň, hünärmeniň hem öz başarnygyny kämilleşdirmäge döredilýän giň mümkinçilikdir. Kämilligiň çägi ýok diýlişi ýaly, her döwürde öz üstüňde iş alyp barmak başarnygyny artdyrýar.

Öwrenmäge hem öwretmäge döredilýän şeýle giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiziň bilimli nesilden edýän talabyny ödemek, ýaş nesle döwrebap bilim, terbiýe bermek hem her bir mugallymyň mukaddes borjy bolup durýar.

 

Annasoltan Nurmuhammedowa,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.

  • 35
  • 24.07.2019