MAKALA

Türkmenistanyň Serhet institutyna giriş synaglary dowam edýär

Şu günler ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw jaýlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanyň Serhet institutynda hem giriş synaglary dowam edýär. Synaglar bellenilen tertipde alnyp barylýar we harby talyplyga dalaşgärleriň arasyndan ukyp-başarnyklary, bilimi boýunça serkerdelige mynasyplary saýlanyp alynýar.

Ýakyn wagtda dalaşgärleriň synaglary üstünlikli tabşyranlarynyň sanawy aýan ediler we «harby talyp» diýen hormatly adyň eýeleri bolar. Olar geljekde ata Watanymyzyň mukaddes araçäklerini goraýan serhetçi serkerdeleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Serhet institutynyň döwrebap mümkinçiliklerinden peýdalanyp, bu ugurda ökde hünärmen bolup ýetişerler.

Biz hem bu günki harby talyplyga dalaşgärlere synaglarda üstünlikleriň hemra bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Goý, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başda durmagynda şeýle ajaýyp zamananyň eşretini duýup, göwün saýlan hünäriň boýunça ýokary bilim alyp, dürli kärlerde zähmet çekmek her birimize miýesser etsin!

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 86
  • 20.07.2019